Türkmentelekom Bot

«Marytelekom» WEAK-da «Sanly ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» atly maslahat geçirildi


13.12.2024

«Marytelekom» welaýat elektroaragatnaşyk kärhanasynda (WEAK) ýakynda «Sanly ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat ýurdumyzdaky innowasion tehnologiýalary ösdürmek we täze ylmy tehnologiýalar barada pikir alyşmak maksady bilen guraldy. Ylmy-amaly maslahata şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary, welaýatyň telekeçileri gatnaşdylar.

Çykyş edenler energetika pudagynda emeli aňy ulanmak arkaly aragatnaşyk ulgamynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek we energiýa ulgamlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak barada aýdyp geçdiler.

Şeýle-de maslahatyň dowamynda aragatnaşyk ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmak bilen ykjam aragatnaşygy ösdürmek, «Jaň kabul ediş merkeziniň (Call center)» işini kämilleşdirmek, onuň üsti bilen müşderiler bilen aragatnaşyk gurmak we olaryň soraglaryna, meselelerine oňyn çözgüt tapmak üçin ýöriteleşdirilen hyzmat merkezi ýaly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşan telekeçiler A.Guseýnow we A.Abbasow wideo gözegçilik, ýangyn howpsuzlyk, merkezleşdirilen habarlaryň awtomatlaşdyrylan ulgamy we «Akylly öý» ulgamy barada çykyş edip, degişli enjamlaryň işleýişi barada gürrüň berdiler.

«Marytelekom» WEAK-nyň «Sanly ulgam» bölüminiň başlygy G. Orazgylyjow elektron resminama dolanyşygy ulgamy hem-de «Sanly tm» türkmen milli elektron poçtasy hakynda gürrüň berip, degişli ulgamlaryň mümkinçilikleri barada giňişleýin aýdyp geçdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn