Iýun aýynda “SpaceX” şereketi “Starlink” hemrasynyň internet synaglary üçin arzalary kabul edip başlady. Şol wagt Elon Musk “Starlink” taslamasynyň sekuntda 1 Gbit tizligini 25-30 millisekunt gijikdirjekdigini aýtdy. Indi bolsa “Starlink” hemrasynyň internet tizliginiň ilkinji synag netijeleri internetde peýda boldy. Netijeler Musk tarapyndan wada berlen sanlardan entegem gaty uludyr.
Hemra internetiniň synaglarynyň deslapky netijeleri meşhur “Speedtest” hyzmatynyň web saýtynda peýda boldy. Maglumatlara görä, synaga gatnaşyjy tarapyndan kesgitlenen iň gowy internet tizligi 21 millisekunt boldy. Şol pursatda “download” – göçürip almagyň tizligi sekuntda 45,9 Mbit, “upload” – ýüklemekligiň tizligi 10,1 Mbit boldy. Synag wagtynda bellenen iň erbet görkeziji 91 millisekunt boldy. Ortaça tizlik 30-40 millisekunt gijikdirmek bilen amala aşyryldy. Şeýle netijeleri adaty üpjün edijileriň görkezijileri nukdaýnazaryndan ortaça hasaplamak bolar. Beýleki tarapdan “Starlink” taslamasy häzirki wagtda ýapyk beta synagynyň režiminde işleýär we Ýer şarynyň orbitasynda ýerleşdirilen hemralaryň sany meýilleşdirilenden has azdyr.