Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

“Motorola RAZR 2’ smartfonynyň satuwa çykaryljak senesi yglan edildi

17.08.2020

“Motorola” markasy ilkinji eplenýän smartfony bilen geçen ýylyň dekabr aýynda tanyşdyrdy. Indi bolsa şereket “Motorola RAZR 2” smartfonynyň satuwa çykaryljak senesini yglan etdi. “Motorola” brendiniň web saýtynda  eplenýän bu  smortfon modeliniň satuwa çykaryljak senesini mahabatlandyrýan gysga wideo şekil peýda boldy. Indi, ulanyjylar ýylyň ahyryna çenli  “Motorola RAZR 2” smartfonyna garaşmaly bolmazlar. Bu barada “Androidauthority” saýty habar berdi.

Mahabatlandyrma hökmünde berlen gysga wideo şekile esaslansak, “Motorola RAZR 2” smartfony şu ýylyň 9-njy sentýabrynda satuwa çykarylar. Smartfonyň tehniki aýratynlyklary barada resmi maglumat ýok bolsa-da, soňky maglumatlara görä, “Motorola RAZR 2” modeli Snapdragon 765G prosessor, 8 Gb RAM, 256 GB ýat we 18 watt güýjünde tiz zarýad beriji tehnologiýaly 2845 mAh kuwwatly batareýa bilen üpjün edilendir.