Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň saýty indi türkmen dilinde hyzmat edýär

11.09.2020

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň resmi web saýty indi türkmen dilinde hem işläp başlady.  Ozal diňe iňlis dilinde işlän saýtyň indi dil mümkinçilikleri iki dile ýetdi.

Täze saýtda bu abraýly halkara guramanyň ýerli wekilhanasynyň işi baradaky maglumatlar bilen birlikde enäniň we çaganyň saglygy bilen bagly gyzykly makalalardyr habarlar hem ýerleşdirilýär.

Saýt «ÝUNISEF bilen tanyş boluň!», «Metbugat merkezi» we «Hemaýatkärlik ediň!» bölümlerinde ybarat. Türkmen dilindäki sahypanyň täze açylandygyna garamazdan, onuň maglumatlara baýdygy özüne çekýär.