Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

“Google kartalar” üç ýyldan soňra “Apple Watch”-a gaýdyp geldi

10.09.2020

“Google”-yň onlaýn karta programmasy 3 ýyldan soňra “Apple Watch” sagadynda peýda boldy. Dünýäniň iň köp ulanylýan onlaýn karta programmasy “Google Maps” 2017-nji ýylda “Apple”-iň akylly sagatlaryndan aýrylypdy. Indi “Apple Watch” ulanyjylary “App Store”-lardan “Google Maps”-i göçürip alyp bilerler. “Google Maps” “Apple”-iň öz karta hyzmaty bolan “Apple Maps”-den tapawutlylykda, dolulygyna garaşsyz ýagdaýda işlemeýär we ulanmak üçin “iPhone”-lara birleşdirilmegi talap edýär. “Google Maps” arkaly ulanyjylar bir ýere näçeräk wagtda baryp biljekdiklerini, ýol salgysy ýaly hyzmatlardan peýdalanýarlar.