Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Aýyň üsti pos bilen örtülip başlady

07.09.2020

Hindi alymlary Aýyň üstünde pos tapdylar. Şeýle hadysanyň köplenç Ýeriň we Marsyň ýüzünde bolup geçýändigi, ýöne ilkinji gezek Aýda-da ýüze çykarylandygy bellendi. Alymlar Ýeriň tebigy emeli hemrasynyň üstünde demir, kislorod we suwuň reaksiýasy netijesinde emele gelen demir oksidi ýa-da gematit ýaly birnäçe mineral tapdylar. Şeýle-de bolsa,

Aýdaky suw diňe buz görnüşinde we örän az mukdarda bar.                   

Alymlaryň bellemegine görä, pos Aýdaky gün ýeli sebäpli ýüze çykypdyr. Meteoritleriň wagtal-wagtal Aýa düşüp biljekdigi çaklanylýar. Meteoritleriň emeli hemranyň üstündäki suw molekulalarynyň bölünip çykmagyna täsir edýändigi we soňra himiki reaksiýanyň başlanýandygy bellendi.