Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

LG goşa ekranly telefon öndürdi

17.03.2020

Koreýanyň LG kompaniýasy “V60 ThinQ 5G” atly goşa ekranly telefony işläp taýýarlady. Aslynda bir ekranly bolan telefonyň goşmaça ekrany daşlyk ýaly dakylýar. Telefon 20-nji martdan başlap müşderilere ýetiriler. 799 dollardan satuwa çykaryljak telefonyň 6,8 dýuýmlyk FHD+ OLED ekrany bar. “Android 10” amaly ulgamynda işleýän orta derejeli smartfonyň RAM-y 8 GB-a, içki ýady  128/256 GB-a deň. Enjamyň içki ýadyny çip arkaly 2 TB-a ýetirmek mümkin.