Türkmentelekom Bot

Tölegi nähili amala aşyrmaly?

Tölegi üç görnüşde amala aşyryp bolýar: 1. Telefon belgiňiziň Altyn Asyr hasabyndan. Ýagny, TELECOMWIFI Baş sahypasynda öň agza bolan bolsaňyz telefon belgiňiz bilen açarsözi ýazyp «Dowam et» düwmesine basmaly. Şahsy otagdan öz islegiňize görä bukja saýlanyňyzdan soňra «Dowam et» düwmesine basmaly. Dowam etmek arkaly siz töleg sahypasyna geçirilersiňiz, ol ýerden TMCELL töleg görnüşini saýlap «Dowam et» düwmesine basmaly. Telefon belgiňize 0844 gysga belgiden gelen tassyklaýyş sms kodyny ýazyp «Dowam et» düwmesine basan badyňyza tölegiňiz amala aşyrylar. 2. Bank kartlarynyň üsti bilen. Ýagny, TELECOMWIFI Baş sahypasynda öň agza bolan bolsaňyz telefon belgiňiz bilen açarsözi ýazyp «Dowam et» düwmesine basmaly. Şahsy otagdan öz islegiňize görä bukja saýlanyňyzdan soňra «Dowam et» düwmesine basmaly. Dowam etmek arkaly siz töleg sahypasyna geçirilersiňiz, ol ýerden Bank karty töleg görnüşini saýlap «Dowam et» düwmesine basmaly. Bank kartyňyza degişli bolan maglumatlaryňyzy doldurmaly (kart belgisi, möhleti, cvc kody we eýesiniň at familiýasy). «Tölemek» düwmesine basanyňyzdan soňra telefon belgiňize 0844 gysga belgiden gelen tassyklaýyş sms kodyny ýazyp «Dowam et» düwmesine basan badyňyza tölegiňiz amala aşyrylar. 3. “Türkmentelekom” EAK-nyň hyzmat ediş bölümçelerinde operatora ýüz tutup. Ýagny, TELECOMWIFI Baş sahypasynda öň agza bolan bolsaňyz “Türkmentelekom” EAK-nyň operatoryna TELECOMWIFI baglanjak telefon belgiňizi we nyrhnamanyň görnüşini aýtmak bilen nagt görnüşinde tölegi amala aşyryp bilersiňiz.

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn