Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň Prezidenti EYR-nyň milli baýramy — Ynkylap güni bilen gutlady


11.02.2025

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda Türkmenistan bilen Eýrany köp ýyllaryň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, özara bähbitli türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkiana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Eýranyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn