Türkmentelekom Bot

BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Hyratdaky sebitleýin ofisiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi


13.02.2025

2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Baş konsullykda BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky sebitleýin ofisiniň ýolbaşçysy Baýramgül Garabaýewa bilen Baş konsul Batyr Ýolowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Owganystan bilen UNFPA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen geljegi uly ugurlar kesgitlenildi.

Şeýle hem, taraplar duşuşygyň dowamynda Owganystany hemme taraplaýyn ösdürmeklige hem-de bu ýurduň ähliumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň we halkara bileleleşigiň tagallalaryny aýratyn bellediler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn