Türkmentelekom Bot

Dokma senagaty ministrliginiň käbir fabrikleriniň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgediler


22.02.2025

Sanly ulgam arkaly 21-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew dokma senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek babatda ýerine ýetirilýän işler barada Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, bu kärhanalaryň işini has-da ilerletmek, netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň pagta egirme hem-de nah ýüplük egriji fabrikleriniň käbiriniň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek boýunça degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, dokma senagaty pudagynyň önümçiliginiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy we dokma kärhanalarynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn