Türkmentelekom Bot

Mart aýynda Aşgabadyň «Parahat — 7» ýaşaýyş jaý toplumynda, Büzmeýin etrabynda köp gatly ýaşaýyş jaýlary açylar


22.02.2025

Mart aýynda Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş jaý toplumynda, Büzmeýin etrabynda köp gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, mümkinçiligi çäkli we durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 21-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowanyň şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi hakyndaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, mart aýynyň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllygy, Halkara zenanlar güni we Milli bahar baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de dürli maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar guralar. Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna eýe bolan enelere hormatly adyň nyşanynyň we şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasyny, bu ada mynasyp bolan, sekiz hem-de şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasyny, Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar. 21-22-nji martda ýurtda Milli bahar baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar guralar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ýurtda bellenilýän baýramçylyklar bilen bagly şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden beýan etmek üçin zerur işleri alyp barmagy, ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn