Türkmentelekom Bot

Arkadag şäheriniň çägindäki ýollaryň birine ussat seýis Aba Annaýewiň adyny dakmak teklip edildi


24.02.2025

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda häkim täze şäheriň ýaşaýjylaryndan we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden gelip gowşan köp sanly haýyşlary nazara alyp, «Polatly» binasyndan «Taýçanak» halkalaýyn aýlawly ýola çenli aralyga uzaýan ýoly ussat seýis Aba Annaýew şaýoly diýip atlandyrmak baradaky teklibi beýan etdi.

Şeýle-de «Polatly» binasyndan «Taýçanak» binasyna çenli ýoluň hem-de «Taýçanak» binasynyň açylyş dabaralaryna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze ýola Aba Annaýewiň adyny dakmak baradaky teklibiň Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlenmelidigini aýtdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn