Türkmentelekom Bot

Gazagystan Türkmenistanyň çäginden geçjek optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär


24.02.2025

Türkmenistanyň gatnaşmagynda täze halkara maglumat geçiriji ulgamyň taslamasyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Has takygy, Gazagystanyň Sanly ösüş ministrliginiň habar bermegine görä, häzirki wagtda Gazagystan Türkmenistanyň, Owganystanyň we Eýranyň çäginden geçjek täze optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek meselesini degişli taraplar bilen ara alyp maslahatlaşýar. Bu ugur Gazagystanyň Pars aýlagynyň maglumat gurşawyna birikmegini üpjün eder.

«Şeýle-de Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisini geçirmek boýunça taslama durmuşa geçirilýär. Munuň üçin «Kazaktelekom» we «Azertelekom» kompaniýalarynyň deň paýly gatnaşmagynda bilelikdäki kärhana döredildi. Bäsleşikli şertleriň netijesinde taslamanyň potratçysy kesgitlenildi we şertnama baglaşmak işleri alnyp barylýar» diýlip, habarda bellenilýär.

Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisini geçirmek taslamasynyň bahasy başlangyç çaklamalara görä 56,9 milliard tengä barabar bolar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn