Türkmentelekom Bot

Türkmenistanda radioelektron serişdelerini getirmek üçin elektron hyzmatlary işe girizildi


25.02.2025

 

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň ýaş hünärmenleri bilen bilelikde mincom.gov.tm resmi saýtynda täze elektron hyzmatlaryny işläp düzdi we işe girizdi. Bu ulgam fiziki we ýuridiki şahslara Türkmenistana ykjam telefonlary, Wi-Fi routerleri we beýleki enjamlary öz içine alýan radioelektron serişdelerini getirmek üçin rugsat almak barada elektron görnüşde arzalary bermäge mümkinçilik berýär.

Täze hyzmatlar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «Bir penjire» ulgamy bilen birleşdirildi we rus we iňlis dillerinde elýeterlidir. Elektron arzalara we rugsatnamalara daşary ykdysady işiň nomenklaturasyna laýyklykda radioelektron serişdeleriň we ýokary ýygylykly enjamlaryň kodlary goşuldy.

Häzirki wagtda Agentlikde diňe resmi web-saýty arkaly arzalary kabul edýän maglumat-tehnologiýa bazasy döredildi we ol işjeň hereket edýär. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan berilýän ähli rugsatnamalar içerki IP-tor arkaly sanly ulgamyň üsti bilen Döwlet gümrük gullugyna iberilýär.

Döredilen bu maglumat bazasy getirilen radioelektron serişdeler barada doly maglumatlary, şol sanda rugsatnamalary, gümrük resminamalaryny, enjamlaryň kysymlaryny we modellerini, olaryň sanyny, her enjamyň kärhana we IMEI belgilerini öz içine alýar.

Bu täze düzgünler Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ykdysadyýeti ösdürmek, öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, sanly we elektron hyzmatlary giňeltmek, şeýle hem olaryň kiberhowplara durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Ýurduň tehniki binýadynyň yzygiderli täzelenmegi ýaşlaryň mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga we ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny doly derejede ele alan hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn