Türkmentelekom Bot

Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ankarda iş saparynda bolýar


26.02.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde iş saparynda bolýar.

Saparyň maksady Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleri, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary halkara jemgyýetçilige ýetirmekden, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, saparyň çäginde türk resmileri bilen duşuşyklar meýilleşdirilýär. Şunda Türkmenistanyň hemişelik Bitarap hukuk ýagdaýyna esaslanýan ählumumy ähmiýetli başlangyçlaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn üns berler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn