26.02.2025
25-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» Parlamentara dialogynyň 8-nji mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Ýewropa Parlamentiniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» we «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen birlikde myhmanlar Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurtda adam hukuklaryny üpjün etmek, gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň başlygy Juzi Prinçi we wekiliýet agzalary öz gezeginde Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna daýanyp hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen ýola goýan hyzmatdaşlygyna, adam hukuklaryna hormat goýmak, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ekologiýa, energetika howpsuzlyny, daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berýändiklerini beýan etdiler.
Taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmekde, şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmakda, özara tejribe alyşmagy giňeltmekde, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde we hil taýdan täze derejä çykarmakda ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklaryň, geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny bellediler.
Duşuşykda demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň, şol sanda belent ynsanperwerlik taglymlaryny hem-de gymmatlyklaryny berkarar etmek meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş edýändigi aýratyn nygtaldy.
Türkmen tarapy «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşiginiň» bilelikdäki komitetiniň we «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşiginiň» Parlamentara dialogynyň alyp barýan işiniň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýändigini belledi. Şeýle hem ýurtda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasyny» we «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýetini belläp geçdi.
26.02.2025
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny ornaşdyrar
26.02.2025
Bişkekde türkmen-gyrgyz syýasy geňeşmeleri geçirildi
26.02.2025
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiň dördünji mejlisi geçirildi
26.02.2025
Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýäniň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň metbugat duşuşygy geçirildi
26.02.2025
Türkmenistan Mejlisiniň Başlygy Ankarada Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
26.02.2025
Hytaýyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
26.02.2025
Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ankarda iş saparynda bolýar
25.02.2025
Türkmenistanda radioelektron serişdelerini getirmek üçin elektron hyzmatlary işe girizildi
25.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
25.02.2025
Türkmenistanda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçiriler
25.02.2025
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrine täze orunbasar bellenildi
24.02.2025
Gazagystan Türkmenistanyň çäginden geçjek optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär
24.02.2025
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 357 müň dollaryndan gowrak boldy
24.02.2025
Arkadag şäheriniň çägindäki ýollaryň birine ussat seýis Aba Annaýewiň adyny dakmak teklip edildi
24.02.2025
Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzillerinde Gün panelleri oturdylar
24.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltanyny gutlady
23.02.2025
Arkadag şäherine «5G» tehnologiýasy ornaşdyrylar
22.02.2025
Arkadag şäherinde «4G+» internet tehnologiýasy işe girizildi
22.02.2025
Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça täze resminamalar kabul ediler
22.02.2025
Mart aýynda Aşgabadyň «Parahat — 7» ýaşaýyş jaý toplumynda, Büzmeýin etrabynda köp gatly ýaşaýyş jaýlary açylar
22.02.2025
Dokma senagaty ministrliginiň käbir fabrikleriniň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgediler
21.02.2025
Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar
21.02.2025
Türkmen we koreý ýokary okuw mekdepleri magistratura maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
21.02.2025
Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin başlangyçlaryny hödürledi
21.02.2025
«Hepdelik» haryt nyşanly kärhana täze önümiň — mesge ýagynyň önümçiligini ýola goýdy
21.02.2025
Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady
20.02.2025
Britaniýaly professorlar Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary bilen duşuşdylar
20.02.2025
Saud Arabystany Patyşalygy Türkmenistana 25 tonna hurma gowşurdy
20.02.2025
Bilim ministri Pakistanyň ilçisi bilen duşuşdy
20.02.2025
Ulag geçelgeleriniň we ählumumy logistikanyň kemala gelmeginde Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň orny
20.02.2025
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili «Diva» žurnaly bilen söhbetdeşlik geçirdi
20.02.2025
Tokioda türkmen-ýapon söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
19.02.2025
«Turkmen Expo» türkmen kompaniýalaryny Russiýada geçiriljek halkara sergilere çagyrýar
19.02.2025
Türkmenistanda talyplaryň arasynda geçirilen onlaýn olimpiadanyň jemleri jemlendi
19.02.2025
Türkmen diplomatlarynyň üçüsi «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy
19.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
19.02.2025
Parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasynyň baş maksady
19.02.2025
Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy we dialogy pugtalandyrmakda yzygiderli tagalla edýär
18.02.2025
Türkmenistanyň Ženewadaky Hemişelik wekilhanasy Bütindünýä Söwda Guramasynyň Ştab-kwartirasynda çäre geçirdi
18.02.2025
Russiýanyň ilçisi Türkmenistanyň diplomatlaryny hünär baýramy bilen gutlady
18.02.2025
Aşgabat “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasyny kabul etmegine taýýarlanýar
18.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi
17.02.2025
BMG-niň ozalky Baş sekretary Türkmenistanyň global durnuklylyga goşýan goşandyna ýokary baha berdi
17.02.2025
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi giňeldilen sanly hyzmatlardan peýdalanmagy teklip edýär
17.02.2025
Birža söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy
17.02.2025
Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
17.02.2025
Aşgabatda hil ölçegleri we sertifikasiýa boýunça halkara maslahaty geçiriler
17.02.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Bitaraplyk baýramçylygynyň çäreleriniň dünýäniň media giňişliginde giňden açylyp görkezilmelidigini aýtdy
15.02.2025
Türkmenistanda diplomatik işgärleriň gününi bellemäge taýýarlyk görülýär