Türkmentelekom Bot

Hytaýyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi


26.02.2025

Şu gün Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary Çžao Szýun bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň depginli ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Taraplar halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam berýän möhüm faktor hökmünde medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns berdiler. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda folklor we aýdym-saz toparlarynyň hem-de sungat ussatlarynyň wekiliýetleriniň alyşmalarynyň sany artdy. Iki ýurduň ylym we medeniýet işgärleri halkara maslahatlara, sergilere we beýleki çärelere işjeň gatnaşýarlar. Özara Medeniýet günleri ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga aýratyn itergi berýär.

Gepleşikleriň dowamynda ylym-bilim we medeni gatnaşyklary giňeltmegiň, şeýle hem ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn