Türkmentelekom Bot

Türkmenistan Mejlisiniň Başlygy Ankarada Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy


26.02.2025

Türkiýe Respublikasyna iş saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen ikiçäk we giňişleýin düzümdäki duşuşyklary geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy hem-de Türkiýe Respublikasynyň bu teklibi goldandygy üçin türkmen tarapy hoşallyk sözlerini aýtdy.

D.Gulmanowa saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Türkiýe bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ýardam berjek Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde hem-de parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn