Türkmentelekom Bot

Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýäniň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň metbugat duşuşygy geçirildi


26.02.2025

Türkiýe Respublikasyna iş saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde toplanan oňyn tejribä hem-de iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidigini beýan etdiler.

Taraplar geçirilen duşuşyklaryň netijelerine ýokary baha bermek bilen, ähli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga taýýardyklaryny bellediler.

Taraplar iki döwletiň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini hem-de parlamentler derejesinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň we maslahatlaryň ähmiýetini nygtadylar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn