Türkmentelekom Bot

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiň dördünji mejlisi geçirildi


26.02.2025

24-25-nji fewral günlerinde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ankara şäherinde iş saparynda boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Saparyň esasy maksady Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiň dördünji mejlisine gatnaşmakdan ybarat boldy. Mejlis 25-nji ýanwarda Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministrliginiň binasynda geçirildi.

Wekiliýetlere Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew we Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministri Ý.Tekin ýolbaşçylyk etdiler.

Mejlisiň barşynda taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi bellenildi.

Taraplar orta we ýöriteleşdirilen bilim edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen degişli derejelerde duşuşyklary we okuw maslahatlaryny guramak hem-de häzirki zaman okuw meýilnamalaryny we okatmagyň usullaryny işläp düzmek boýunça öňdebaryjy tejribäniň alşylmagyna ýardam bermek barada ylalaşdylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň (YÖK) binasynda Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň Başlygy Erol Özwar bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýokary bilim ulgamyny özgertmek meseleleri, türkmen talyplary we mugallymlary üçin gysga möhletleýin okuwlary guramak, bilelikdäki ylmy barlaglaryny geçirmek hem-de ylmy makalalary neşir etmek ýaly ugurlary nazara almak bilen ylym-bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler özara saparlaryň guramagyna hem-de Türkmenistanyň we Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilelikdäki maslahatlaryň, okuw we ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegine gyzyklanma bildirdiler. Mundan başga-da, duşuşygyň barşynda Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň bilim almagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn