Türkmentelekom Bot

Bişkekde türkmen-gyrgyz syýasy geňeşmeleri geçirildi


26.02.2025

Ozal habar berşimiz ýaly, 25-nji fewralda Bişkege sapar bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şu gün Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen duşuşdy.

Gyrgyzystanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşykda ministrler türkmen-gyrgyz söwda-ykdysady, maýa goýumlary, ulag-logistika, energetika pudaklarynda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda geljekde meýilleşdirilýän iň ýokary we ýokary derejedäki ikitaraplaýyn çäreleri guramaga we geçirmäge, özara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, şeýle-de halkara guramalarynyň çägindäki gatnaşyklara aýratyn üns berildi.


Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda ministrler Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň 2021-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran resmi sapary wagtynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň gidişine syn berdiler.

Syýasy geňeşmelerden soň iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary R.Meredow we Ž.Kulubaýew Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdiler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn