Türkmentelekom Bot

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny ornaşdyrar


26.02.2025

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Arkadag şäherinde ykjam aragatnaşyk ulgamynyň bäşinji neslini (5G) synag usulynda işe goýbermeklige taýýarlanýar, bu Türkmenistanda şu tehnologiýanyň ösdürilmeginde ilkinji ädim bolar. Taslamany durmuşa geçirmek üçin zerur bolan esasy telekommunikasiýa enjamlary eýýäm Hytaýyň Huawei kompaniýasyndan gelip gowuşdy.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Huawei kompaniýasynyň arasyndaky tehniki hyzmatdaşlygyň çäklerinde 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny öwrenmek we ony Arkadagyň şäher infrastrukturasyna ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Taslama döwlet baştutanynyň tabşyryklarynyň esasynda durmuşa geçirilýär.

Täze tehnologiýa maglumatlary geçirmegiň tizligini 1 Gbit/s çenli üpjün eder, bu bolsa bar bolan 4G we 4G+ ulgamlarynyň mümkinçiliklerinden has ýokarydyr, olar degişlilikde 100-150 Mbit/s we 300 Mbit/s tizlikde işleýärler. 5G ulgamynyň esasy artykmaçlyklarynyň biri bir inedördül kilometr çäginde 100 müňe çenli enjamy birikdirmek mümkinçiligine eýedir.

Arkadagda 5G ulgamynyň ornaşdyrylmagy «akylly şäher» konsepsiýasynyň ösdürilmegine ýardam eder, bu bolsa dürli ugurlarda innowasion çözgütleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer. Tehnologiýa saglygy goraýyşda (telemedisina, uzakdan hirurgiýa ýaly ugurlarda), bilimde, senagat pudagynda, oba hojalygynda we logistikada sanly dolandyryş üçin täze mümkinçilikleri açar. Ol 4K göni ýaýlymlaryň, Türkmenbaşynyň halkara portundaky port kranlarynyň uzakdan dolandyrylmagynyň, dronlar bilen gözegçilik etmegiň we beýleki innowasion çözgütleriniň işlemegini üpjün eder.

Durnukly aragatnaşygy üpjün etmek üçin uly çäkleri ygtybarly örtmegi kepillendirýän daşky antennalar hem-de söwda merkezleri, howa menzilleri we beýleki ýapyk jemgyýetçilik ýerleri üçin içki antennalar ulanyljakdyr.

Arkadagda 5G ulgamynyň işe goýberilmegi diňe bir bu şäheriň ösmegi üçin möhüm ädim bolman, eýsem öňdebaryjy tehnologiýanyň tutuş ýurt boýunça ýaýramagy üçin başlangyç nokat bolar, bu bolsa Türkmenistana innowasiýalary işjeň ornaşdyrýan döwlet hökmünde dünýä ýüzünde öz ornuny berkitmäge mümkinçilik berer.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn