Türkmentelekom Bot

Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Türkmenistandaky «Galkynyş» käni gazyň möçberi boýunça dünýäde birinji orunda»


09.03.2025

«Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy Loro Bakwelli bilen söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň tebigy gaz gorlary we bu babatdaky mümkinçilikleri barada hem aýtdy.

«Euronews» telekompaniýasynyň habarçysynyň: «Bize Türkmenistanyň tebigy gazynyň çykarylýan möçberiniň artmagy we onuň bilen bagly meýilleriňiz barada-da gürrüň berip bilermisiňiz? Ýewropada gaz howpsuzlygyny üpjün etmekde Siziň bu işleriňiz esasy çözgüt bolup bilermi? Bu meseläniň geljegi barada nähili pikir edýärsiňiz?» diýen sowalyna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:

— Biziň ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Men ýene-de bir anyk mysaly getireýin: Türkmenistandaky «Galkynyş» käni gazyň möçberi boýunça dünýäde birinji orunda durýar. Onuň gorlary tebigy gazyň 27,4 trillion kub metrine barabardyr.

Bu sanlar ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň energiýa bilen diňe özümizi däl-de, eýsem, sebitimizdäki we onuň çäklerinden daşardaky hyzmatdaşlarymyzyň hem isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýändigini görkezýär. Türkmenistandan gündogar, günorta we demirgazyk ugurlara gurlan hem-de üstünlikli işleýän esasy gaz geçirijiler muny doly tassyklaýar. Şular ýaly taslamalary diňe energetika serişdeleriniň zerur möçberlerine eýe bolan ýurt öňe sürüp biler — diýip jogap berdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn