Türkmentelekom Bot

Bilermen: “Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ösmegi ýükleriň daşalma wagtyny gysgaldar


09.03.2025

Russiýanyň ýük daşama bazarynyň ugrukdyryjylarynyň biri Holding Finance Broker ulag-logistika kompaniýasynyň baş direktory Tatýana Kulýabina 2025-nji ýylda logistika bazarynyň ösüşi barada RBK beren interwýusynda häzirki wagtda iň geljegi uly taslamanyň “Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesidigini (HUG) belledi.

Bilermeniň pikiriçe, bu geçelgäniň ösmegi ýükleriň daşalma wagtyny Sues kanaly arkaly alnyp barylýan ugra garanyňda ep-esli gysgaldar. Ol Demirgazyk — Günorta geçelgesiniň üç şahadan—Hazar, Gündogar we Günbatar ybaratdygyny ýatladyp, Holding Finance Broker kompaniýasynyň Gündogar şahasy boýunça Eýran — Türkmenistan — Gazagystan — Russiýa ugrunda üstünlikli ýük daşama tejribesiniň bardygyny aýtdy. Häzirki wagtda bu ugur boýunça eksport otlylarynyň sany artýar, bu bolsa Hindistandan, BAE-den we Eýrandan yzyna gaýtma ýükleriň hem köpeljekdigini aňladýar.

Tatyana Kulyabina rus ýük daşaýjylarynyň Günorta-Gündogar Aziýa we Global Günorta ýurtlary bilen gatnaşyklaryny güýçlendirmegini uzakmöhletli tendensiýa hasaplap, Holding Finance Broker kompaniýasynyň meşgullanýan multimodal daşamalarynyň ösüş mümkinçiliklerine aýratyn üns berdi. Multimodal daşamalarda bir ugurda birnäçe ulag görnüşi utgaşykly ulanylýar. Mysal üçin, ýük ilki deňiz arkaly portda düşürilýär, soň awtoulag arkaly daşalyp, demirýol bilen dowam etdirilýär we ahyrky nokada ýene-de awtoulag bilen ýetirilýär. Bu usul ýükleriň daşalma wagtyny gysgaltmaga we logistika prosesini has takyk meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Bilermen, demirýollaryň ýüklenmeginiň we demirýol nyrhlarynyň ýokarlanmagynyň multimodal daşamalara bolan islegi artdyrýan esasy sebäplerden biri bolup durýandygyny nygtady. Şeýle-de ol demirýollaryň geçiriş ukybynyň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly meseleleri çözmegiň wagt talap edýändigini belläp, multimodal ýük daşama hyzmatlaryna bolan talabyň diňe 2025-nji ýylda däl, eýsem uzakmöhletleýin hem ýokarlanjakdygyny aýtdy.



Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn