04.03.2025
Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda möwsümleýin işler dowam edýär. Şol işleriň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda ekini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we oňa ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we ony talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ýerleri hem-de ýokary hilli gowaça tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlarda ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar.
Häkimler Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatlarda geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde guramaçylykly geçirilmeginiň ekinlerden ýokary hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkimlere degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany häkimlere ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurduň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek, ekinlerden bol hasyl almak arkaly ýurtda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, taýýarlyk we ýuwuş suwuny tutmak işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti ýazlyk ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň ekişiniň depginini güýçlendirmek, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini gazanmak, Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatlarda meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany şeýle hem ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara ünsi çekip, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
28.07.2025
Türkmenistan döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlary alyşmak üçin X-Road ulgamyny işe girizdi
11.07.2025
BMG-niň forumynyň gatnaşyjylar üçin Türkmenistanda «Awaza AI» atly wirtual kömekçi işe girizildi
09.07.2025
Aşgabatda aragatnaşyk we awiasiýa pudagynyň bilermenleri ýaş hünärmenler bilen duşuşdylar
30.06.2025
«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny çykarmak boýunça öňdebaryjy boldy
29.06.2025
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy işe girizildi
28.06.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
28.06.2025
Türkmenistanyň wekilleri Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara IT-konferensiýasyna gatnaşdylar
18.06.2025
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar
14.06.2025
«Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
02.06.2025
Türkmen hünärmenleri Özbegistanyň «ýaşyl» tehnologiýalar babatdaky tejribesini öwrenýärler
27.05.2025
«Daýhanbank» daşary ýurtda okaýan talyplar üçin «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmagy teklip edýär
09.05.2025
КЭ «Туркментелеком» агентства «Туркменарагатнашык» предлагает организациям услугу Колл-центра
08.05.2025
«Туркменарагатнашык» и «Туркменпочта» поздравили ветеранов
07.05.2025
«Türkmenaragatnaşyk» и Airbus договорились о партнерстве в космической сфере
29.04.2025
Türkmenistanyň älem ulgamynyň gazananlary we geljegi
18.04.2025
Türkmenistanda X-Road platformasynyň ornaşdyrylmagy boýunça işler alnyp barylýar
18.04.2025
Türkmenistanda 2025-nji ýylda aragatnaşyk üçin maýa goýumlary 82 million manatdan gowrak bolar
15.04.2025
«Türkmenaragatnaşyk» EXPO-2025 sergisinde sanlylaşdyrmakda gazanan üstünliklerini görkezýär
14.04.2025
Mugallymlaryň we talyplaryň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça türgenleşik geçirildi
12.04.2025
TYA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda halkara ylmy maslahat geçirildi
10.04.2025
Türkmenistan Duşenbede sanly aragatnaşyk boýunça geçirilen halkara foruma gatnaşdy
10.04.2025
Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňelder
07.04.2025
Türkmen mekdep okuwçylary we talyplary halkara olimpiadalarynda 55 medal gazandylar
07.04.2025
"Türkmentelekom" sanly hyzmatlar ulgamynda orunlaryny berkidýär
07.04.2025
Türkmenistanda ilkinji gezek: "Halkara ülňülere laýyklykda hil üpjünçiligi" atly halkara maslahat
07.04.2025
Täze bazarlara ýol açýan halkara sergi-ýarmarka
07.04.2025
Sanly.tm korporatiw poçtasyny açmak mümkinçiligi
07.04.2025
«IDEA+» agentligi daşary ýurtda okamak boýunça tölegsiz maslahat almaga çagyrýar
07.04.2025
BMG-niň ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy geçiriler
07.04.2025
Walentina Matwiýenko Türkmenistanda geçiriljek halkara çärelere çagyryldy
07.04.2025
Türkmen-belarus parlamentara hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
07.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Kambojanyň Patyşasyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
07.04.2025
Ramzan Kadyrow Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlady
07.04.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlady
07.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady
07.04.2025
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde JIÖ 6,3 göterim artdy
07.04.2025
Türkmenistanda nebit çykarmagyň meýilnamasy üç aýda 107,1 göterim ýerine ýetirildi
07.04.2025
7-nji aprelde Aşgabadyň käbir köçelerinde ulaglaryň hereketi wagtlaýyn çäklendiriler
06.04.2025
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Daşkentde Parlamentara Bileleşigiň 150-nji Assambleýasyna gatnaşýar
06.04.2025
Ukrainada okaýan türkmen talyplary Bütindünýä saglyk gününi bellediler
05.04.2025
“Goturdepenebit” nebitgaz çykaryş müdirliginiň Türkmenistanyň nebit önümçiligine goşandy artýar
05.04.2025
Buharestde türkmen kinosynyň günleri geçirildi
05.04.2025
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Wenada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň hem-de ÝHHG-niň Baş sekretarynyň arasynda duşuşyk geçirildi
05.04.2025
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Özbegistana sapar bilen bardy
05.04.2025
"TULM" AGPJ Russiýadan Owganystana ilkinji synag multimodal konteýner otly gatnawyny gurnaýar
05.04.2025
Tramp 5 mln dollara ABŞ-nyň raýatlygyna ýol açýan “altyn karty” görkezdi
05.04.2025
Prezident: — Türkmenistan howa babatda ÝB bilen hyzmatdaşlyga taýýar
05.04.2025
“Türkmengaz” Döwlet konserni halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
05.04.2025
Hytaý ABŞ-dan getirilýän harytlara garşylyklaýyn salgytlary girizýär
05.04.2025
Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» birinji sammitindäki ÇYKYŞY