Türkmentelekom Bot

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: suwuklandyrylan gaz, “TS-1” kysymly uçar kerosini we gurluşyk materiallary satyn alyndy


13.03.2025

12-nji martda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa önümleri we gurluşyk materiallary ýerlenildi.

Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy we “TS-1” kysymly uçar kerosinini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen telekeçilerinden gazbeton bloklaryny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 2 810 600 ABŞ dollara barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.



Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn