Türkmentelekom Bot

Irakliý Kobahidze: Gruziýa Hazarüsti halkara ulag ýolunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär


14.03.2025

Gruziýa Orta geçelge ady bilen belli Hazarüsti halkara ulag ýolunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Gruziýanyň premýer-ministri Irakliý Kobahidze Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow bilen geçiren duşuşygynda bu ugruň wajyplygy barada nygtap geçdi. Ol Gruziýanyň strategiki ýerleşişe eýe bolmak bilen, taryhyň dowamynda Ýewropany we Aziýany, Günbatary we Gündogary baglaşdyryp gelýändigi barada aýtdy. Munuň özi ýurdy halkara söwda üçin möhüm üstaşyr halkasyna öwürýär. Kobahidze Gruziýa bilen Özbegistanyň arasynda söwda hyzmatdaşlygyny we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmeklige gyzyklanma bildirdi. Ol Hazarüsti halkara ulag ýolunyň ösdürilmeginiň has ýakyn ykdysady hyzmatdaşlyk üçin esas bolup biljekdigini belledi. Bu bolsa, öz nobatynda, infrastrukturanyň gowulandyrylmagyna we ýük daşamalaryň möçberleriniň artdyrylmagyna getirip biler.



Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn