Türkmentelekom Bot

Arkadag şäherine Hytaýyň Hançžou Dýanzi uniwersitetiniň Üstünlik şahadatnamasy berildi


14.03.2025

Şu gün Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Arkadag şäheriniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýandygy hakynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanzi uniwersitetiniň Üstünlik şahadatnamasy bilen sylaglanylmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa dostlukly ýurduň wekilleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Dabaraly çärä gatnaşyjylar ilki bilen akademiýanyň baş binasynyň foýesinde guralan, Arkadag şäheriniň häzirki zaman binagärlik aýratynlyklaryna, şäherde ornaşdyrylan sanly ulgam we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan sergini synladylar.
Dabarada Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowa ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýandygy üçin bu «akylly» şähere berlen Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanzi uniwersitetiniň Üstünlik şahadatnamasyny gowşurdy.
Aýdym-sazly dabaraly çäräniň barşynda Arkadag şäherinde durmuşa geçirilen innowasion tehnologiýalara hem-de sanly ulgam üpjünçiligine bagyşlanan wideoşekiller hem görkezildi.
Dabaraly çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenmesi kabul edildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn