Türkmentelekom Bot

Ermenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyryldy


15.03.2025

Türkmenistanyň Ýerewandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan tarapyndan kabul edildi. 13-nji martda geçirilen duşuşygyň dowamynda Prezident W.Haçaturýan Türkmenistan bilen Ermenistanyň uzak ýyllaryň dowamynda dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary alyp barýandygyny nygtady. Ol bilelikdäki işewür maslahatlaryň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Ilçi M.Aýazow şu ýylyň 18-nji martynda Aşgabat şäherinde halkara maýa goýum forumynyň geçirilýändigini we bu çärä Ermenistanyň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň çagyrylandygyny habar berdi. Şeýle-de Ýerewan şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüň berdi.

Ilçi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çakylyk hatyny gowşurdy.

W.Haçaturýan Türkmenistanyň alyp barýan bitaraplyk syýasatyny doly goldaýandygyny we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan işlere ýokary baha berýändigini belledi. Ol çakylyk hatyny uly minnetdarlyk bilen kabul etdi we bu çärä ermeni tarapyndan ýokary derejedäki wekiliýetiň gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn