Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Nowruz baýramyna bagyşlanan sergi açyldy


17.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Nowruz baýramyna bagyşlanan «Täze günüň hereketi» atly tematiki sergi açyldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiriniň habar bermegine görä, sergide suratkeşleriň we zergärleriň eserleri, ajaýyp keşdeli milli eşikler görkezilýär.

Senetçilik önümleri, şol sanda dutar we gyjak saz gurallary, şeýle hem dürli öý goşlary bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär.

Sergide gögeren bugdaýyň aýratynlyklary bilen bagly gymmatlyklar, pişme we semeni ýaly milli tagamlar hem görkezilýär.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, türkmen tebigatynyň gözelliklerini şekillendirýän haly önümleri hem sergini bezeýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn