Türkmentelekom Bot

Kataryň Emiri türkmen wekiliýetini kabul etdi


17.03.2025

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kataryň Emiriniň adyna ýollan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani gowy arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna mukaddes Oraza aýynda tutulýan orazalaryň we ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuwlap, iň mähirli salamyny ýetirmegini haýyş etdi.

Türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň işjeňleşýändigini bellemek bilen, şu ýylyň 3-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň ähmiýetini nygtady.

Işjeň häsiýetde ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda köptaraplaýyn formatda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn bellenildi. Hususan-da, ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumynyň geçiriljekdigi aýdyldy bu halkara foruma we baýramçylyk çärelerine Katar tarapy gatnaşmaga çagyryldy.

 

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn