Türkmentelekom Bot

Türkmen diplomaty «TRT Avaz» teleýaýlymynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy


18.03.2025

Şu gün Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew «TRT Avaz» teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ýüjel Kylyçkaýa bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň bilen «TRT Avaz» teleýaýlymynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn depginde ösýändigini belläp, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy habar berdi.

Söhbetdeşlikde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek halkara ähmiýetli çäreler barada aýratyn durlup geçildi. Şeýle-de Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti nygtaldy we şu ýyl giňden bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna üns çekildi.

Taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite tematiki gepleşikleri taýýarlamak boýunça pikir alyşdylar.

Çeşme: Orient.tm

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn