19.03.2025
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlugy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly şahsy goşandy üçin Walentina Matwiýenko minnetdarlyk bildirdi.
Öz gezeginde, Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda alyp barýan işine beren ýokary bahasy üçin hoşallyk bildirdi. Ol Russiýanyň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak ugruna berk ygrarlydygyny tassyklady.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda Russiýa Federasiýasy bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini nygtady hem-de türkmen döwletiniň dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmaga çalyşýandygyny belledi. Şunda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň häzirki wagtda, şeýle hem uzak möhletli geljekde bu işde möhüm orun eýelejekdigine berk ynam bildirildi.
Söhbetdeşlikde özara gatnaşyklaryň täze formatlaryny döretmek we olaryň netijeli hereket etmegini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen başlangyçlaryň ähmiýetine üns berildi. Hususan-da, Walentina Matwiýenkonyň goldaw bermeginde parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry — Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentarileriniň duşuşyklary barada gürrüň edildi. Şunda «Merkezi Aziýa — Russiýa» zenanlar dialogynyň täze ösüşe eýe bolandygy nygtaldy.
— Şu formatlaryň çäklerindäki ilkinji çäreler 2022-nji ýylyň maý aýynda geçirildi — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we parlamentarileriň nobatdaky duşuşygyny hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyny guramagy teklip etdi.
Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde giň gerimli döwletara dialogy ösdürmek işinde, ony hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda iki ýurduň parlamentarileriniň möhüm orny bellenildi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, hususan-da, bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň bu ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.
03.07.2025
Türkmenistan we Russiýa awtoulaglarda ýük daşamak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürerler
02.07.2025
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilýän BSG-niň sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşýar
02.07.2025
Türkmen wekiliýeti Marokko Patyşalygynda saparda boldy
02.07.2025
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Sanly çözgüt-2025” bäsleşigine arzalary kabul edip başlady
01.07.2025
Türkmenistanyň hususy telekeçilerine pensiýa tölegleriniň geçirilmelidigi ýatladyldy
01.07.2025
Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi BGG-niň sebit derejesini alýar
30.06.2025
«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny çykarmak boýunça öňdebaryjy boldy
30.06.2025
Arkadag şäherinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň aýdymçylary baýramçylyk konsertini berdiler
30.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
29.06.2025
Türkmenistanda takmynan 150 döwlet hyzmaty onlaýn görnüşde e.gov.tm saýtynda elýeterlidir
29.06.2025
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy işe girizildi
29.06.2025
Gurbanguly Berdimuhamedowa taekwondonyň dokuzynjy dany berildi
29.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryny gutlady
28.06.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
28.06.2025
Türkmenistanyň wekilleri Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara IT-konferensiýasyna gatnaşdylar
28.06.2025
Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredilýär
27.06.2025
Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik missiýasyny tamamlaýar
27.06.2025
Hytaýda 2025-nji ýylyň ŞHG-niň Halk diplomatiýasy we dogan şäherleriniň forumy geçiriler
27.06.2025
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda bilim hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar
26.06.2025
Türkmenistanda Özbegistanyň ÝOM-larynyň sergisini geçirmek teklip edildi
26.06.2025
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Fransiýa Respublikasynyň senatory bilen duşuşyk geçirildi
25.06.2025
Türkmenistan elektrik energiýa eksportyny ösdürýär: Daşoguzda döwrebaplaşdyrmak işleri
25.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.06.2025
Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
24.06.2025
Gazagystan şu ýyl Türkmenistan bilen serhetdäki “Temir baba” geçiş nokadyny döwrebaplaşdyrýar
24.06.2025
«Awtomobil ulag hyzmaty» Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik gatnawyny ýola goýar
23.06.2025
«PostShop» tutuş Türkmenistan boýunça eltip bermek hyzmatyna ýeňillikli bahalary girizýär
23.06.2025
Ýaponiýa dünýäniň iň uly 256-kubitli kwant kompýuterini işe girizdi
23.06.2025
Türkmen gallaçylary 1 million tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar
23.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylary gutlady
21.06.2025
Türkmenistan bilen Hytaýyň Hebeý welaýatynyň arasynda söwda dolanyşygynyň ösüşi hasaba alyndy
21.06.2025
Eýran iki aýyň dowamynda Türkmenistandan 1 mln dollarlyk önüm import etdi
20.06.2025
Aşgabatda birnäçe awtobus ugurlary üýtgediler
20.06.2025
Türkmen-rus söwda dolanyşygy 21,4 göterim ýokarlandy
20.06.2025
Türkmenistanyň Adalatçysy Ýewropanyň Adalatçysynyň wekili bilen duşuşyk geçirdi
20.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
20.06.2025
Nökerguly Atagulyýew PHYF-2025-de Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
20.06.2025
Hytaýyň Çžeszýan welaýatyndan Türkmenistan arkaly Azerbaýjana täze ýük daşaýyş ugry açyldy
19.06.2025
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
19.06.2025
Hytaý bilen Merkezi Aziýanyñ arasyndaky söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyñ ýanwar-maý aýlarynda iñ ýokary görkezijilerine ýetdi
19.06.2025
Brýussel şäherinde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça nobatdaky dialog geçirildi
19.06.2025
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine baryp gördi
19.06.2025
Azerbaýjan we Türkmenistan 2025-nji ýylda özara Medeniýet günlerini geçirerler
18.06.2025
Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň raýatlarynyň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi
18.06.2025
Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar
18.06.2025
Aşgabatda PostShop marketpleýsiniň kompýuter tehnikasy satylýan ikinji dükany açyldy
18.06.2025
Türkmenistanyň we Hytaýyň energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesi maslahatlaşyldy
18.06.2025
Türkmenistan Hytaý bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edýär
18.06.2025
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar
18.06.2025
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aşgabatdaky mekdebe kitap sowgat berdi