19.03.2025
Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahaty geçirildi. Söwda-senagat edarasynda geçirilen bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu barada TDH ýazýar.
Foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Oman Soltanlygynyň döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we maliýe institutlaryň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu möhüm halkara çäre mynasybetli iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Türkmenistanyň Prezidenti öz Gutlagynda sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň Merkezi we Günorta Aziýa döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna, ýangyç-energetika, üstaşyr ulag we üpjünçilik taslamalarynyň häzirki zaman ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de oňa maýa goýumlaryny çekmäge giňden ýardam berjekdigini belleýär.
Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet Baştutany maslahatyň sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ähli ulgamlarynda durnukly ösüşi üpjün etmekde, olara döwrebap innowasiýalary ornaşdyrmakda, maýa goýum mümkinçilikleri bilen bagly meselelerde özara tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüljekdigine berk ynam bildirdi.
Maslahatyň esasy temalary sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri bolup, bu durnukly ösüşi üpjün etmek üçin strategiki ähmiýete eýedir. Forumyň gatnaşyjylary söwda, energetika, transport we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, döwrebap we durnukly ulag-aragatnaşyk geçelgelerini döretmäge hem-de energetiki howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn üns berildi. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary bolup durýar.
19.03.2025
Aşgabatda tälimçileri taýýarlamak boýunça CADAP okuwyna badalga berildi
19.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi
19.03.2025
Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
18.03.2025
Türkmenistan bilen RF-iň Tula sebitiniň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
18.03.2025
Türkmen diplomaty «TRT Avaz» teleýaýlymynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
18.03.2025
Aşgabatda Halkara sergiler býurosynyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň mejlisi geçiriler
18.03.2025
Prezident baýramçylyk günlerinde welaýatlaryň bazarlarydyr dükanlaryny azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmegi tabşyrdy
18.03.2025
Özbegistanyň Suw hojalygy ministrliginiň wekiliýeti Türkmenistana iş sapary bilen geldi
18.03.2025
Türkmenistan-Ermenistan: migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk
18.03.2025
Türkmenistan - Malaýziýa: bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary we teklipler
18.03.2025
Stambulda Türkmenistanyň Bitaraplygyna we Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan brifing geçirildi
17.03.2025
2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 80 million dollardan gowrak boldy
17.03.2025
Kataryň Emiri türkmen wekiliýetini kabul etdi
17.03.2025
R.Meredow Kataryň Premýer-ministri bilen duşuşdy
17.03.2025
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Nowruz baýramyna bagyşlanan sergi açyldy
17.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýanyň Prezidentini wezipä girişmegi bilen gutlady
17.03.2025
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy bilen ÝUNISEF-iň arasynda duşuşyk geçirildi
17.03.2025
Türkmenistanyň DIM-i Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan web sahypasyny işe girizdi
17.03.2025
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde milli teleýaýlymlar bilen syýasy gepleşikler ýazgy edildi
17.03.2025
Türkmenistanyň ÝOM-niň talyplarynyň arasynda goşgy düzmek bäsleşigi geçirilýär
16.03.2025
Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy
16.03.2025
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky müşderileri üçin täze hyzmat girizýär
15.03.2025
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni giňden belleniler
15.03.2025
Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki topary dörediler
15.03.2025
Türkmenistan «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisine ýokary derejede gatnaşar
15.03.2025
Ermenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyryldy
15.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak hakyndaky Permana gol çekdi
15.03.2025
Türkmen ýaşlary 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýa okuwa iberiler
15.03.2025
Aşgabatda Nowruz baýramy mynasybetli täze awtobus gatnawy ýola goýlar
14.03.2025
Geljek hepde Aşgabatda şu ýyl ilkinji gezek temperatura +30 gradusdan geçer
14.03.2025
Arkadag şäherine Hytaýyň Hançžou Dýanzi uniwersitetiniň Üstünlik şahadatnamasy berildi
14.03.2025
Irakliý Kobahidze: Gruziýa Hazarüsti halkara ulag ýolunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär
14.03.2025
Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň Utgaşdyryjy komitetiniň mejlisine gatnaşdy
13.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti ÝB-niň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny kabul etdi
13.03.2025
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: suwuklandyrylan gaz, “TS-1” kysymly uçar kerosini we gurluşyk materiallary satyn alyndy
13.03.2025
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» Hytaýdan Türkiýä ilkinji üstaşyr konteýner otly düzümini ugradýar
13.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
12.03.2025
Awtobanyň Mary — Türkmenabat böleginiň birinji gaty doly asfaltlanyldy
12.03.2025
Türkmenistanda bitum emulsiýasyny öndürmek boýunça täze tehnologiýa patentleşdirildi
12.03.2025
Türkmenistanda britan uniwersitetini açmak teklibi öňe sürüldi
12.03.2025
«ÇaparPay»: amatly töleg etmek üçin niýetlenen mobil goşundy
12.03.2025
Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli bäsleşik yglan edýär
12.03.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystany BMG-niň Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen gutlady
12.03.2025
Aşgabatda hytaý wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
11.03.2025
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Delä goşmaça uçuşlary amala aşyrar
11.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini çaltlandyrmagy tabşyrdy
11.03.2025
Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewe gutlag hatyny iberdi
11.03.2025
Turkmenistan TV will stop broadcasting for 12 hours
10.03.2025
Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmek boýunça pudagara topar döredildi