05.04.2025
Hormatly Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti!
Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary!
Hormatly Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary!
Hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, siziň ähliňize mähirli salam bilen ýüzlenýärin hem-de açyk göwünliligi, myhmansöýerligi we işlemäge döreden şertleri üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirýärin.
Şu günki duşuşygyň aýratyn ähmiýeti bar. Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de Ýewropa Bileleşigi ýokary derejedäki şeýle duşuşykda ilkinji gezek gepleşikleri geçirýär. Munuň özi özboluşly wakadyr. Biziň pikirimizçe, bu gatnaşyjylaryň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, ýakynlaşmaga we gatnaşyklaryň berk usullaryny döretmegiň zerurdygyna düşünýändigine şaýatlyk edýär. Ara alyp maslahatlaşmalar gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi hem-de anyk ylalaşyklary gazanmakda möhüm tapgyr bolar diýip hasaplaýarys.
Hormatly sammite gatnaşyjylar!
Türkmenistan bilelikdäki işiň örän möhüm wezipeleriniň arasynda sebit parahatçylygyny, howpsuzlygyny hem-de durnuklylygyny gazanmaga we saklamaga aýratyn ähmiýet berýär. Biz häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk sebitdäki we goňşy ýurtlardaky umumy ýagdaýlara netijeli täsir etmäge ukyply diýip pikir edýäris. Bu ugurda dünýä bileleşiginiň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna ýardam bermeli diýip hasaplaýarys.
Garaýyşlaryň umumylygyndan ugur alyp, Merkezi Aziýany parahat, ykdysady taýdan özüne çekiji, geosyýasy dawalara we gapma-garşylyklara goşulmaýan durnukly sebit hökmünde görýäris. Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna we halkara borçnamalaryna laýyklykda, şu maksatlara ýetmek üçin iş alyp barmaga taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 21-nji martda 67 döwletiň awtordaşlygynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany biragyzdan kabul edendigine siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Pursatdan peýdalanyp, bu resminamany goldandygyňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Şeýle-de Owganystandaky ýagdaýy düzgünleşdirmek sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek üçin örän möhümdir.
Hormatly sammite gatnaşyjylar!
Biz Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ykdysadyýetde we maýa goýumlarda, energetika, ulag, söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, bulary ileri tutulýan ugurlar hasaplaýarys.
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga çalyşýar we bu babatda iş ýüzündäki ädimleri ätmäge taýýardyr. Ýurdumyz «ýaşyl» energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak ugrunda çykyş edýär. Mysal üçin, Türkmenistan elektrik energiýasyny öndürmegiň kuwwatyny artdyrýar we ony Ýewropa ibermäge taýýar. Elektrik ulgamlar çäklerinden geçýän döwletleriň birleşen tagallasy bolanda, bu taslamanyň ýakyn wagtda özara bähbitlilik esasynda ýerine ýetiriljekdigine ynanýaryn. Ýel we Gün energiýasyny peýdalanmakda hem biz ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işlemäge taýýardyrys. Mundan başga-da, wodorod energetikasy babatda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligine seretmek üçin hem açykdyrys.
Ulag-kommunikasiýa pudaklar-da strategik ugurlardyr. Gündogar — Günbatar hem-de Günbatar — Gündogar ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek munuň esasy bölegi bolup durýar. Bu meselede Hazarüsti ugra uly orun berýäris. Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyny, şeýle hem ýurdumyzdaky ýol ulgamlaryny şu taslama üçin ulanmaga taýýardygymyzy aýtmak isleýärin.
Hormatly sammite gatnaşyjylar!
Biz Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ykdysadyýetde we maýa goýumlarda, energetika, ulag, söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, bulary ileri tutulýan ugurlar hasaplaýarys.
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga çalyşýar we bu babatda iş ýüzündäki ädimleri ätmäge taýýardyr. Ýurdumyz «ýaşyl» energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak ugrunda çykyş edýär. Mysal üçin, Türkmenistan elektrik energiýasyny öndürmegiň kuwwatyny artdyrýar we ony Ýewropa ibermäge taýýar. Elektrik ulgamlar çäklerinden geçýän döwletleriň birleşen tagallasy bolanda, bu taslamanyň ýakyn wagtda özara bähbitlilik esasynda ýerine ýetiriljekdigine ynanýaryn. Ýel we Gün energiýasyny peýdalanmakda hem biz ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işlemäge taýýardyrys. Mundan başga-da, wodorod energetikasy babatda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligine seretmek üçin hem açykdyrys.
Ulag-kommunikasiýa pudaklar-da strategik ugurlardyr. Gündogar — Günbatar hem-de Günbatar — Gündogar ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek munuň esasy bölegi bolup durýar. Bu meselede Hazarüsti ugra uly orun berýäris. Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyny, şeýle hem ýurdumyzdaky ýol ulgamlaryny şu taslama üçin ulanmaga taýýardygymyzy aýtmak isleýärin.
Kommunikasiýa ulgamynda-da Hazar deňziniň düýbünden kabelleri geçirmek zerurlygyndan we mümkinçiliginden ugur alýarys. Umuman, Türkmenistan Hazar deňzinde suwasty üpjünçilik ulgamlarynyň gurulmagyny kenarýaka döwletleriň ykdysady talaplaryna laýyk gelýär hem-de bähbitleri we peýdany deňhukukly hasaba almak esasynda Ýewraziýa sebitinde energetika, ykdysady, ulag durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti diýip hasaplaýar.
Umuman alnanda, sebitde üpjünçilik taslamalar toplumyna Ýewropa Bileleşiginiň maýa goýum taýdan täsirli gatnaşmagynyň örän wagtynda ädilen ädim boljakdygyna ynanýaryn. Biz Ýewropa bilen söwdany has-da giňeltmek üçin hem açykdyrys, maýadarlara doly amatly şertleri döretmäge taýýardyrys. Şoňa görä-de, Ýewropanyň kompaniýalaryny türkmen bazarynda işlemäge çagyrýarys. Munuň üçin Ýewropa Bileleşigine harytlary iberijileri we alyjylary goldamagyň maksatnamasyny taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip edýäris.
Hormatly sammite gatnaşyjylar!
Türkmenistan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge hem ygrarlydyr. Biz Ýewropa Bileleşiginiň köp ýyllardan bäri sebitimizde durmuşa geçirýän bilim taslamalarynyň we maksatnamalarynyň netijelidigini minnetdarlyk bilen belleýäris. Şolaryň arasynda “TACIS-TEMPUS”, “ERASMUS-MUNDUS”, “DARYA” ýaly giň gerimli maksatnamalar bar. Hususan-da, Türkmenistanda “ERASMUS-MUNDUS” we “ERASMUS+” maksatnamalarynyň çäklerinde magistr maksatnamalary, bilim ulgamynda sanlylaşdyrmak, durnukly ösüşi we akademiki ykjamlygy goldamak boýunça 40-dan gowrak taslama amala aşyryldy. Bu işi ösdürmekde, hyzmatdaşlygyň talaplaryna we isleglerine jogap bermek bilen, hünärment bilimi babatda bilelikdäki taslamany işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip edýärin. Biz muny ýokary tehnologiýaly kärhanalarda işleýän ýokary hünärli tehniki işgärleri taýýarlamak babatda örän möhüm diýip hasaplaýarys.
Şeýle hem taryh, arheologiýa, etnografiýa, medeni-taryhy mirasyň ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny işjeňleşdirmegi teklip edýäris. Syýahatçylyk alyşmalarynyň, ekologiýa we etnografiýa syýahatçylygynyň belli bir maksatly bilelikdäki maksatnamalaryny taýýarlamagyň geljeginiň hem uludygyny görýäris.
Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny bellemek isleýärin. Biziň ýurdumyz bu oňyn hem-de ähmiýetli işe saldamly goşant goşmaga taýýardyr.
11.07.2025
BMG-niň forumynyň gatnaşyjylar üçin Türkmenistanda «Awaza AI» atly wirtual kömekçi işe girizildi
09.07.2025
Aşgabatda aragatnaşyk we awiasiýa pudagynyň bilermenleri ýaş hünärmenler bilen duşuşdylar
30.06.2025
«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny çykarmak boýunça öňdebaryjy boldy
29.06.2025
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy işe girizildi
28.06.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
28.06.2025
Türkmenistanyň wekilleri Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara IT-konferensiýasyna gatnaşdylar
18.06.2025
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar
14.06.2025
«Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
02.06.2025
Türkmen hünärmenleri Özbegistanyň «ýaşyl» tehnologiýalar babatdaky tejribesini öwrenýärler
27.05.2025
«Daýhanbank» daşary ýurtda okaýan talyplar üçin «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmagy teklip edýär
09.05.2025
КЭ «Туркментелеком» агентства «Туркменарагатнашык» предлагает организациям услугу Колл-центра
08.05.2025
«Туркменарагатнашык» и «Туркменпочта» поздравили ветеранов
07.05.2025
«Türkmenaragatnaşyk» и Airbus договорились о партнерстве в космической сфере
29.04.2025
Türkmenistanyň älem ulgamynyň gazananlary we geljegi
18.04.2025
Türkmenistanda X-Road platformasynyň ornaşdyrylmagy boýunça işler alnyp barylýar
18.04.2025
Türkmenistanda 2025-nji ýylda aragatnaşyk üçin maýa goýumlary 82 million manatdan gowrak bolar
15.04.2025
«Türkmenaragatnaşyk» EXPO-2025 sergisinde sanlylaşdyrmakda gazanan üstünliklerini görkezýär
14.04.2025
Mugallymlaryň we talyplaryň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça türgenleşik geçirildi
12.04.2025
TYA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda halkara ylmy maslahat geçirildi
10.04.2025
Türkmenistan Duşenbede sanly aragatnaşyk boýunça geçirilen halkara foruma gatnaşdy
10.04.2025
Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňelder
07.04.2025
Türkmen mekdep okuwçylary we talyplary halkara olimpiadalarynda 55 medal gazandylar
07.04.2025
"Türkmentelekom" sanly hyzmatlar ulgamynda orunlaryny berkidýär
07.04.2025
Türkmenistanda ilkinji gezek: "Halkara ülňülere laýyklykda hil üpjünçiligi" atly halkara maslahat
07.04.2025
Täze bazarlara ýol açýan halkara sergi-ýarmarka
07.04.2025
Sanly.tm korporatiw poçtasyny açmak mümkinçiligi
07.04.2025
«IDEA+» agentligi daşary ýurtda okamak boýunça tölegsiz maslahat almaga çagyrýar
07.04.2025
BMG-niň ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy geçiriler
07.04.2025
Walentina Matwiýenko Türkmenistanda geçiriljek halkara çärelere çagyryldy
07.04.2025
Türkmen-belarus parlamentara hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
07.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Kambojanyň Patyşasyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
07.04.2025
Ramzan Kadyrow Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlady
07.04.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlady
07.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady
07.04.2025
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde JIÖ 6,3 göterim artdy
07.04.2025
Türkmenistanda nebit çykarmagyň meýilnamasy üç aýda 107,1 göterim ýerine ýetirildi
07.04.2025
7-nji aprelde Aşgabadyň käbir köçelerinde ulaglaryň hereketi wagtlaýyn çäklendiriler
06.04.2025
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Daşkentde Parlamentara Bileleşigiň 150-nji Assambleýasyna gatnaşýar
06.04.2025
Ukrainada okaýan türkmen talyplary Bütindünýä saglyk gününi bellediler
05.04.2025
“Goturdepenebit” nebitgaz çykaryş müdirliginiň Türkmenistanyň nebit önümçiligine goşandy artýar
05.04.2025
Buharestde türkmen kinosynyň günleri geçirildi
05.04.2025
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Wenada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň hem-de ÝHHG-niň Baş sekretarynyň arasynda duşuşyk geçirildi
05.04.2025
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Özbegistana sapar bilen bardy
05.04.2025
"TULM" AGPJ Russiýadan Owganystana ilkinji synag multimodal konteýner otly gatnawyny gurnaýar
05.04.2025
Tramp 5 mln dollara ABŞ-nyň raýatlygyna ýol açýan “altyn karty” görkezdi
05.04.2025
Prezident: — Türkmenistan howa babatda ÝB bilen hyzmatdaşlyga taýýar
05.04.2025
“Türkmengaz” Döwlet konserni halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
05.04.2025
Hytaý ABŞ-dan getirilýän harytlara garşylyklaýyn salgytlary girizýär
05.04.2025
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “SN-600” kysymly esas ýagy we dokma galyndylary ýerlenildi