Sanly.tm korporatiw poçtasyny açmak mümkinçiligi


07.04.2025

Iş prosesini gowulandyrmak hem-de bökdençsiz işleýşi üpjün etmek maksady bilen, “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy ýuridiki şahslara sanly.tm korporatiw poçtasyny açmagy teklip edýär.

Munuň üçin sanly.tm elektron portalynda korporatiw poçta hyzmatyny birikdirmäge arzany dolduryp ugratmaly. Netijede, her bir işgär elektron poçtasynyň şahsy salgysyny alyp bilýär.

“Sanly.tm” milli elektron poçtasy 2020-nji ýylda Türkmenistanyň bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleri tarapyndan döredildi. Ol ýurdumyzda elektron hyzmatlaryna bolan islegiň barha ösmegine jogap hökmünde girizildi.

 

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn