Türkmentelekom Bot

Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňelder


10.04.2025

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Internet we maglumat howpsuzlygy agentliginiň (KISA) degişli wekilleriniň gatnaşmagynda kiberhowpsuzlyk boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň arasynda maglumat, kiber we internet howpsuzlygy ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň barşynda Koreýa Respublikasynyň Internet we maglumat howpsuzlygy agentliginiň wekilleri ýurtda geçirilýän halkara çärelere hem-de türgenleşik okuwlaryna türkmen tarapynyň hem gatnaşmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Taraplar bu ugurda tejribe alyşmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp geçdiler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn