11.04.2025
Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň pulmonologiýa ylmy-kliniki bölüminiň müdiri Jennet Mämmedowa obstruktiw bronhitiň bejeriliş we öňüni alyş usullary barada gürrüň berdi. Lukmanyň aýtmagyna görä, uzak wagtlap dowam edýän, soňra nemli görnüşe we gakylyk çykmagyna geçýän gury üsgülewük bronhlarda lukmanyň gözegçiligini talap edýän ýiti çişme hadysasynyň bolup biljekdigine şaýatlyk edýär.
Gury üsgülewük uzak wagtlap dowam edýär. Soňabaka üsgülewük nemli görnüşe geçip, gakylyk çykyp başlaýar. Bronhlarda ýaýbaňlanýan gaýnaglama hadysasy nemiň we gakylygyň köp mukdarda toplanmagyna getirýär. Dem alyş ýollary gysylyp, näsag dem alanda hyžžyldy eşidilýär. Syrkaw ysgyndan gaçýar, köp ýadaýar, bedeni gowşaýar.
Bu alamatlar obstruktiw bronhitiň ýüze çykandygyny habar berýär. Bejeriş gijikdirilende bronhlary, öýkeni zeperlendirýän gaýra üzülmeler ýüze çykýar. Üstesine, bedeniň ýokançlary kabul edijiligi ýokarlanýar. Şoňa görä, obstruktiw bronhite duçar bolan näsag tiz-tizden sowuklaýar.
Eýsem, bu keseliň döremegine näme sebäp bolýar? Obstruktiw bronhitiň ýüze çykmagyna daşky gurşawyň adam bedenine täsiri bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň birnäçesi sebäp bolýar.
Obstruktiw bronhit dörände keseliň kesgidiniň takyk goýulmagyny gazanmak üçin pulmonolog lukman bilen maslahatlaşmaly. Ol syrkawyň dem alşynyň ýagdaýyna baha berýän spirometriýa, bronhlardaky näsazlyklary ýüze çykarmak üçin bronhoskopiýa, bronhlardaky we öýkendäki üýtgemeleri anyklamak üçin döş kapasasynyň rentgen barlaglaryny belleýär. Käte öýkendäki we bronhlardaky üýtgemeleriň ýaýraýşyny takyk görmäge mümkinçilik berýän kompýuter tomografiýa (KT) barlagyny geçirmäge zerurlyk ýüze çykýar. Obstruktiw bronhitiň allergiki gelip çykyşyny anyklamak üçin allergologiki barlag bellenilip bilner. Şeýle maksat bilen deriniň allergenlere duýgurlyk testi, ganyň E immunoglobulinine barlagy geçirilýär.
Keseliň bejergisinde bronh myşsalarynyň gysylmagyny, bronhlardaky gaýnaglama alamatlaryny aýyrýan, dem alyş ýollaryny giňeldýän, gakylygy suwaldýan, gopdurýan, daşary çykarýan derman serişdeleri ulanylýar. Bronhitiň döremegine bakteriýaly ýokançlar sebäp bolan ýagdaýlarda antibiotikler bellenilýär. Lukman dem alşy gowulandyrmaga, myşsalary berkitmäge ýardam edýän bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmegi, dermanlaryň özleşmegini, ýokary netije bermegini üpjün etmek üçin ingalýatorlary peýdalanmagy maslahat berýär.
Pulmonolog lukman bejergini syrkawyň umumy saglyk ýagdaýyna, onuň bedeniniň aýratynlyklaryna, keseliň agyrlyk derejesine laýyklykda belleýär. Bejeriş onuň gözegçiligi astynda geçirilýär.
Ýeri gelende, obstruktiw bronhitiň öňüni almaga ýardam edýän çäreleri ýatlap geçeliň. Gyjyndyryjy himiki serişdeler, zäherli gazlar, allergiýa döredip bilýän zatlar bilen galtaşmalardan goranmaly, çilim çekmekden saklanmaly. Bedeniň sagdynlygyny saklamaga ýardam edýän gündelik bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmegi mydamalyk endige öwürmeli, sport bilen meşgullanmaly, dogry iýmitlenmeli, stres döredýän ýagdaýlardan gaça durmaly. Bu düzgünler diňe bir obstruktiw bronhitiň däl-de, eýsem, beýleki keselleriň hem öňüni almaga kömek edýär.
04.07.2025
Türkmenistan Stambulda eksport mümkinçiligini görkezýär
04.07.2025
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen Hankendide duşuşdy
04.07.2025
Meredow we Baradar türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň çäginde TOPH we TOP taslamalary barada pikir alyşdylar
03.07.2025
Türkmenistan we Russiýa awtoulaglarda ýük daşamak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürerler
02.07.2025
Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilýän BSG-niň sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşýar
02.07.2025
Türkmen wekiliýeti Marokko Patyşalygynda saparda boldy
02.07.2025
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Sanly çözgüt-2025” bäsleşigine arzalary kabul edip başlady
01.07.2025
Türkmenistanyň hususy telekeçilerine pensiýa tölegleriniň geçirilmelidigi ýatladyldy
01.07.2025
Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi BGG-niň sebit derejesini alýar
30.06.2025
«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny çykarmak boýunça öňdebaryjy boldy
30.06.2025
Arkadag şäherinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň aýdymçylary baýramçylyk konsertini berdiler
30.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
29.06.2025
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy işe girizildi
29.06.2025
Gurbanguly Berdimuhamedowa taekwondonyň dokuzynjy dany berildi
29.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryny gutlady
28.06.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
28.06.2025
Türkmenistanyň wekilleri Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara IT-konferensiýasyna gatnaşdylar
28.06.2025
Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredilýär
27.06.2025
Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik missiýasyny tamamlaýar
27.06.2025
Hytaýda 2025-nji ýylyň ŞHG-niň Halk diplomatiýasy we dogan şäherleriniň forumy geçiriler
27.06.2025
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda bilim hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar
26.06.2025
Türkmenistanda Özbegistanyň ÝOM-larynyň sergisini geçirmek teklip edildi
26.06.2025
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Fransiýa Respublikasynyň senatory bilen duşuşyk geçirildi
25.06.2025
Türkmenistan elektrik energiýa eksportyny ösdürýär: Daşoguzda döwrebaplaşdyrmak işleri
25.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.06.2025
Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
24.06.2025
Gazagystan şu ýyl Türkmenistan bilen serhetdäki “Temir baba” geçiş nokadyny döwrebaplaşdyrýar
24.06.2025
«Awtomobil ulag hyzmaty» Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik gatnawyny ýola goýar
23.06.2025
«PostShop» tutuş Türkmenistan boýunça eltip bermek hyzmatyna ýeňillikli bahalary girizýär
23.06.2025
Ýaponiýa dünýäniň iň uly 256-kubitli kwant kompýuterini işe girizdi
23.06.2025
Türkmen gallaçylary 1 million tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar
23.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylary gutlady
21.06.2025
Türkmenistan bilen Hytaýyň Hebeý welaýatynyň arasynda söwda dolanyşygynyň ösüşi hasaba alyndy
21.06.2025
Eýran iki aýyň dowamynda Türkmenistandan 1 mln dollarlyk önüm import etdi
20.06.2025
Aşgabatda birnäçe awtobus ugurlary üýtgediler
20.06.2025
Türkmen-rus söwda dolanyşygy 21,4 göterim ýokarlandy
20.06.2025
Türkmenistanyň Adalatçysy Ýewropanyň Adalatçysynyň wekili bilen duşuşyk geçirdi
20.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
20.06.2025
Nökerguly Atagulyýew PHYF-2025-de Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
20.06.2025
Hytaýyň Çžeszýan welaýatyndan Türkmenistan arkaly Azerbaýjana täze ýük daşaýyş ugry açyldy
19.06.2025
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
19.06.2025
Hytaý bilen Merkezi Aziýanyñ arasyndaky söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyñ ýanwar-maý aýlarynda iñ ýokary görkezijilerine ýetdi
19.06.2025
Brýussel şäherinde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça nobatdaky dialog geçirildi
19.06.2025
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine baryp gördi
19.06.2025
Azerbaýjan we Türkmenistan 2025-nji ýylda özara Medeniýet günlerini geçirerler
18.06.2025
Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň raýatlarynyň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi
18.06.2025
Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar
18.06.2025
Aşgabatda PostShop marketpleýsiniň kompýuter tehnikasy satylýan ikinji dükany açyldy
18.06.2025
Türkmenistanyň we Hytaýyň energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesi maslahatlaşyldy
18.06.2025
Türkmenistan Hytaý bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edýär