Türkmentelekom Bot

Türkmenistan Malaýziýada halkara maýa goýum forumyny geçirer


12.04.2025

23-24-nji aprelde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy geçirmek meýilleşdirilýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow bu foruma görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi we Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, halkara foruma gatnaşmaga 30 döwletden 300-e golaý wekil hasaba alyndy we häzirki wagtda hasaba almak işi dowam edýär.

Forumyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň ähli pudaklaryny sazlaşykly we netijeli ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy we wise-premýere Malaýziýada halkara göçme forumy ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

 

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn