Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa sapary başlandy


13.04.2025

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary ugratdylar.

Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti «EXPO-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşar we ýokary derejedäki gepleşikleri geçirer.

«EXPO — 2025» Bütindünýä sergisi 13-nji aprel — 13-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriler. Ýumeşima emeli adasynda geçiriljek sergä 28 milliondan gowrak adamyň geljekdigi çaklanylýar.

«EXPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde 14-nji aprelde Türkmenistanyň Milli güni bolar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn