Türkmentelekom Bot

“Türkmentelekom” EAK-nyň hyzmatlaryny birikdirmek üçin onlaýn-ýüztutmany dolduryň


14.04.2025

“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň saýtynda Türkmenistanyň islendik ýaşaýjysy, ýaşaýan ýerine garamazdan Internet, öý telefony ýa-da kabel TV ýaly hyzmatlary birikdirmek üçin onlaýn-ýüztutmany dolduryp biler.

Sargytda şahsy maglumatlar, ýaşalýan salgy we telefon belgi görkezilmeli. Mundan başga-da, Internet-hyzmatlaryny birikdirmek zerurlygy bolan ýagdaýynda, ulanyjyň özi gerekli tizligi (256 Kbit/s-den 6 Mbit/s çenli) saýlap biler.

Hyzmatlardan Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndaky hem fiziki, hem ýuridiki şahslaryň peýdalanyp bilýändigini bellemeli.



Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn