Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky döwlet serhediniň demarkasiýa meseleleri boýunça iş toparynyň duşuşyklary geçirildi


16.04.2025

7-13-nji aprel aralygynda Özbegistanyň Karşi şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky döwlet serhediniň demarkasiýa meseleleri boýunça iş toparynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada Respublikanyň Kadastr baradaky agentligine salgylanyp, Özbegistanyň Milli habarlar agentligi aýdýar.

Taraplar ozal ylalaşylan çäklere laýyklykda serhet sütünlerini ýerleşdirdiler.

Serhet belgilerini goýmak işine gatnaşan hünärmenler üçin okuw-türgenleşik çäreleri geçirildi.

Okuwlaryň dowamynda gatnaşyjylaryň diňe bir özüniň nazary bilimlerini çuňlaşdyrman, eýsem amaly endiklerini giňeldendikleri barada habar berilýär.

 

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn