17.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa saparynyň ikinji güni ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň giň toplumyna gol çekilmegi bilen tapawutlandy. Resminamalar – senagat we energetika pudagyndan başlap, bilim, ekologiýa we suw hojalygyna çenli köp ugurlary öz içine alýar, bu bolsa türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösüşine ulgamlaýyn çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär.
Gol çekilen resminamalaryň has ähmiýetlisi, iri senagat taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin öňdebaryjy ýapon we türk kompaniýalary bilen Çarçuwaly ylalaşyklar boldy.
Bu ykdysadyýet üçin şeýle möhüm infrastruktura taslamalaryň hatarynda – “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.”, “Itochu Corporation” we “Rönesans” kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasynyň gurluşygy şeýle hem “Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.” “Gap Inşaat” we “Mitsubishi Corporation” kompaniýalar toparynyň Gyýanly obasynda kuwwatlylygy ýylda bir million tonnadan gowrak karbamid önümçilik zawodynyň taslamasynyň gurluşygy bar.
Bu topara “Toyo Engineering” we “Rönesans” kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Gyýanlydaky polimer zawodyny düýpli abatlamak boýunça uly göwrümli taslamalary goşmak bolar. Bu resminamalar – diňe bir Türkmenistanyň senagatlaşma syýasatynyň dowam etmeginiň subutnamasy bolman, eýsem Ýaponiýanyň ýokary standartlaryna esaslanýan ykdysadyýetiň tehnologiki taýdan täzelenmegine gönüden-göni maýa goýumdyr.
“Ýaşyl geçişe” gönükdirilen energetika meýilnamasy ünsiz galmady. Muňa Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen “Sumitomo Corporation” kompaniýasynyň arasynda açyk dolanyşykdaky elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyk işine geçirmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol geçilen ylalaşyk şaýatlyk edýär.
Mundan başga-da “Muroosystems Corporation” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi, bu bolsa Türkmenistanyň energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak isleginiň nobatdaky alamatydyr.
Ylalaşyklaryň tutuş toplumy akademiki alyş-çalyş we bilim-ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga degişlidir. Şeýlelik bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri – Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty “Tokio Boeki Euroasia”, “Tohkemy” kompaniýalary we “Nippon” we “JACAFA” gaznalary bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
Şeýle resminamalar, elbetde, hukuk binýadyny berkitmäge we tejribe alyşmak, alyş-çalyş maksatnamalary hem-de bilelikdäki ylmy taslamalary üçin täze mümkinçilikleri açmaga hyzmat edýär.
Durnukly ösüşiň merkezinde bolan ekologiýa we suw serişdeleriniň çözgüdi Ýaponiýada gol çekilen resminamalarda öz beýanyny tapdy. Şeýlelik bilen, saparyň dowamynda Çuo uniwersitetiniň Gözleg we ösüş başlangyjynyň arasynda parnik gazlarynyň milli sanawyny kämilleşdirmek we Pariž ylalaşygyna laýyklykda hasabat bermek boýunça mümkinçiligini ýokarlandyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Şeýle hem suw hojalygy boýunça “Kubota” kompaniýasy bilen we Arkadag şäheri ösdürmek boýunça “Sumitomo Heavy Industries” kompaniýasy bilen ylalaşyklar gazanyldy.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Ýaponiýanyň eksport we maýa goýumy ätiýaçlandyryş agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegi türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin möhüm tapgyr boldy. Bu geljekdäki uly göwrümli taslamalar üçin goşmaça maliýe goldawyny döredýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa saparynyň ikinji gününde jemi 17 resminama gol çekildi. Olaryň 11-si döwlet edaralary bilen kompaniýalarynyň we 6-sy bilim we ynsanperwer ugurlarda gazanylan ylalaşyklara degişlidir.
Şeýlelik bilen, ylalaşyklaryň uly toplumy Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä ýetendigini görkezýär. Tehnologiýa, senagat, bilim we durnukly ösüş – bu hyzmatdaşlygyň esasy ileri tutulýan ugurlarydyr.
Mundan başga-da, Türkmenistan diňe bir maýadarlary gözlemek bilen çäklenmän, özara peýdany we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan strategiki dialogy ýola goýýar.
31.05.2025
Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonyna» 517 adam gatnaşdy
31.05.2025
«Belet film»: Sanly platformalaryň mümkinçilikleri artýar
31.05.2025
Türkmenistan “Merkezi Aziýa – Italiýa” Sammitiniň çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
31.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
31.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitindäki çykyşy
30.05.2025
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
30.05.2025
Gurban baýramy mynasybetli 8-nji iýundaky dynç güni 9-njy iýuna geçirildi
29.05.2025
Türkmen metbugatynyň wekilleri Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşýarlar
29.05.2025
Daşoguzdaky sargy serişdelerini öndürýän kärhanada 3 million manatlyga golaý önüm öndürildi
29.05.2025
Türkmenistan bilen BMG durnukly ösüş pudagynda hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar
29.05.2025
Türkmenistan Daşkentde geçirilen sebitleýin foruma gatnaşdy
29.05.2025
Türkmen wekiliýeti «Çagalar üçin dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF» atly ýokary derejeli foruma gatnaşdy
28.05.2025
Halkymyzyň abadançylygy baradaky alada — döwlet syýasatynyň wajyp ugry
28.05.2025
Eýranyñ nebit däl önũmleriniñ Türkmenistana eksport möçberi ýokarlandy
28.05.2025
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
28.05.2025
Aşgabatda Gruziýanyň Garaşsyzlyk güniniň 34 ýyllygy bellendi
28.05.2025
Türkmenistanyň ilçisi bilen Sukuba uniwersitetiniň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi
28.05.2025
Gruziýa Türkmenistan bilen göni uçar gatnawlaryny açmaga taýýardyr – ilçi Sabiaşwili
27.05.2025
«Daýhanbank» daşary ýurtda okaýan talyplar üçin «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmagy teklip edýär
27.05.2025
Türkmenistan bilen Kataryň arasynda futbol hyzmatdaşlygy barada şertnama gol çekişildi
27.05.2025
Türkmenistan Bakuda geçirilýän türki dünýäsiniň IV Edebiýat we kitap festiwalyna gatnaşýar
27.05.2025
Aşgabat we Pekin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
26.05.2025
Aragatnaşyk pudagynda zähmet çekýän ýaşlar sagdyn durmuş ýörelgelerini mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan wagyz-nesihat çäresine gatnaşdylar
26.05.2025
Türkmenistana hojalyk jemagaty pudagy üçin hytaý kompaniýasynyň täze tehnikasy getiriler
26.05.2025
Türkmen döwlet uniwersitetinde Gawr uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
26.05.2025
Aşgabat şäheriniň häkimligi jemagat hyzmatlaryna ýöriteleşdirilen awtoulaglary satyn alar
26.05.2025
Serdar Berdimuhamedow 12 ýyllyk okuw maksatnamalary boýunça bilim alan ilkinji uçurymlara Gutlag iberdi
25.05.2025
Türkmenistan täze nebit we gaz ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça işleri güýçlendirýär
25.05.2025
Türkmen halylary Tbilisidäki sergide görkezildi
25.05.2025
Ženewada geçirilen ýaş liderleriň maslahatynda Türkmenistan özüniñ başlangyçlary bilen tanyşdyrdy
24.05.2025
Türkmenistan üstaşyr ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak üçin raýat awiasiýasyny döwrebaplaşdyrýar
24.05.2025
Pekinde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlyklarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
24.05.2025
Türkmenistan we BMG geljek bäş ýyldaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitleýärler
23.05.2025
"Türkmentelekom" köpçülikleýin ýerlerde, howa menzillerinde we şypahanalarda Wi-Fi mümkinçiligini hödürleýär
23.05.2025
Aragatnaşykçy ýaşlaryň arasynda «Öz hünäriniň ussady» atly bäsleşik geçirildi
23.05.2025
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda söwda hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
23.05.2025
Türkiýäniň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň başlygy Türkmenistanda saparda bolýar
23.05.2025
Türkmenistanyň ilçisi Belarusdaky türkmen talyplary bilen duşuşdy
22.05.2025
Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawlarynyñ sany köpeldildi
22.05.2025
Aşgabada Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň wekiliýeti geldi
21.05.2025
20-nji maýdan başlap Aşgabat - Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy işe girizilýär
21.05.2025
«Belawia» gatnawlaryny wagtlaýynça Türkmenbaşydan Balkanabat howa menziline geçirýär
20.05.2025
Kuala-Lumpuryň merkezi meýdançasynda Türkmenistanyň baýdagy ýerleşdirildi
20.05.2025
Türkmenistanda üstaşyr ýük dolanyşygyñ ösüşi hasaba alyndy
20.05.2025
«Turkish Airlines» gatnaw ugurlaryna Sewilýa şäherini goşup, Ispaniýa uçuşlaryny artdyrýar
20.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Rim Papasyny gutlady
20.05.2025
ÇaparPay bilen Hiňlen dünýäsini açyň: söýgüli sazyňyz indi has elýeterli boldy
20.05.2025
Täze açylan Balkanabat Halkara howa menzili içerki uçuşlary kabul edip başlady
19.05.2025
Türkmenistanly ýaş şahyrlar Gyrgyzystandaky halkara festiwala gatnaşarlar
19.05.2025
Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar