29.04.2025
2025-nji ýylyň aprelinde Türkmenistan özüniň iň täze taryhynyň möhüm senesini belleýär - “TürkmenÄlem 520E” ilkinji milli aragatnaşyk hemrasynyň işläp başlanyna 10 ýyl dolýar. Bu waka türkmen telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek, aragatnaşyklar we gepleşikler ulgamynda ýurduň halkara orunlaryny berkitmek ugrunda möhüm ädim bolup, ylmy we tehnologiki ösüş üçin täze mümkinçilikleri açdy.
2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Kanaweral kosmodromyndan (ABŞ, Florida ştaty) “Falcon 9” raketa-göterijisi arkaly äleme ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasy üstünlikli goýberildi. Enjam Türkmenistanyň sargydy boýunça “Thales Alenia Space” fransuz kompaniýasy tarapyndan döredildi. Bu hemra diňe bir tehniki öňegidişlik bolman, eýsem döwrebaplaşmagyň we halkara hyzmatdaşlygyň täze döwrüniň nyşany boldy.
“TürkmenÄlem 520E” ýokary tehniki aýratynlykly özboluşly enjam bolup durýar. Ol hemra telefoniýasyny, maglumatlaryň geçirilmegini we aragatnaşygyň beýleki görnüşlerini üpjün edip, Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň we Demirgazyk Afrikanyň giň meýdanlaryny öz içine alýar.
“TürkmenÄlem 520E” hemrasynyň goýberilmeginiň netijesinde Türkmenistan özüniň telekommunikasiýa mümkinçilikleriniň ösdürilmeginde möhüm ädim ätdi. Hemra aragatnaşygy şu aşakdakylary ýerine ýetirýär:
Häzirki wagtda “TürkmenÄlem 520E”, “Dragon Oil”, “Eni Turkmenistan” we nebitgaz pudagynyň beýleki öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan işjeň ulanylýar. Hemra aragatnaşygy bu strategiki pudaklaryň maglumat geçirilşini üpjün etmekde we aragatnaşygynda möhüm orun tutýar.
Hemra aragatnaşygy diňe bir içerki infrastrukturany ösdürmekde ýardam etmän, eýsem Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky tele we radio ýaýlymlarynyň görkezilişinde Türkmenistanyň üstaşyr ýurt hökmündäki ornuny berkidýär. Bu 10 ýylyň dowamynda, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i ösen tehnologiýalaryň we hemra aragatnaşygynyň ýokary hilli hyzmatlaryny müşderilerine we hyzmatdaşlaryna ýerine ýetirmek bilen, özüni sebitde ygtybarly we öňdebaryjy hemra oparatory hökmünde tanatdy.
Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň taýsyz tagallalary bilen älem ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy we ösdürilmegi boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Häzirki wagtda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Türkmen hemrasy” ÝGPJ bilen bilelikde ikinji aragatnaşyk hemrasynyň goýberilmeginiň mümkinçiliklerini öwrenýär. Ol bolsa bar bolan infrastrukturanyň üstüni dolup, ýeriň uzak aralykdan döwrebap maglumatlary geçirmegiň täze mümkinçiliklerini açyp berer.
“TürkmenÄlem 520E” aragatnaşyk hemrasynyň 10 ýyllygy, bu, Türkmenistanyň ylmy-tehniki ösüşe tarap ynamly ädimleriniň subutnamasydyr. Hemra aragatnaşygy ýurduň ykdysady Garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna, ilatyň ýaşaýyş hiliniň gowulandyrylmagyna we halkara abraýynyň ösdürilmegine möhüm ädim boldy.
“TürkmenÄlem 520E” aragatnaşyk hemrasynyň mümkinçilikleri we hödürleýän hyzmatlary baradaky goşmaça maglumatlary bilen www.turkmenhemrasy.gov.tm resmi saýtynda tanşyp bilersiniz.
ORIENT news
Foto: www.turkmenhemrasy.gov.tm
31.03.2026
e.gov.tm Döwlet hyzmatlary portalynyň ulanyjylarynyň sany artýar
31.03.2026
Aragatnaşyk ministrligi we «Muroosystems Corporation» kompaniýasy maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezleri ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdiler
24.03.2026
Innowasion ösüşde sanly ulgamyň orny barada pikir alyşyldy
18.03.2026
Türkmenistan emeli aň we maglumat merkezleri boýunça milli strategiýa taýýarlar
18.03.2026
Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda informatika boýunça bäsleşik geçirildi
13.03.2026
e.gov.tm portalynda “Aşgabat” stadionynyň sport desgalaryny öňünden sargyt etmek hyzmatlary elýeterli
06.03.2026
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde zenanlara 8-nji mart mynasybetli pul sowgatlary gowşuryldy
05.03.2026
Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça dünýä tejribesi öwrenilýär
04.03.2026
«Türkmenpoçta» sanly hyzmatlaryny hil taýdan täze derejelere çykarýar
26.02.2026
«Туркментелеком» напоминает о возможности онлайн-заявки на техподдержку
19.02.2026
Türkmenistanyň hemrasy 1,2 milliarddan gowrak ulanyjy üçin aragatnaşygy üpjün edýär
19.02.2026
Туркменистан развивает телекоммуникации и цифровую экономику
09.02.2026
Türkmenistan üç sany täze serhetüsti optiki-süýümli aragatnaşyk ugurlaryny gurýar
05.02.2026
Туркменистан и SpaceX обсудили перспективы сотрудничества в сфере спутниковой связи
01.02.2026
Türkmenistanda milli emeli aň strategiýasy taýýarlanylýar
31.01.2026
Aşgabatda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär
30.01.2026
Ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagy –innowasion ösüş ýolunda
24.01.2026
Туркменистан запустил новый этап цифровой трансформации до 2028 года
20.01.2026
Портал e.gov.tm предлагает онлайн-оформление банковских карт
19.01.2026
Sanly.tm portaly işewürligi sanlylaşdyrmaga we maglumatlaryň goragly alyş-çalyş edilmegine ýardam berýär
12.01.2026
Elmydama aragatnaşykda: Aşgabatda we welaýatlarda TELECOMWIFI giriş nokatlaryny nireden tapmaly
31.12.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlady
28.12.2025
Türkmenistanlylar döwlet Baştutanyny gutlaýarlar
26.12.2025
Aragatnaşyk ministrligi we «Mitsubishi» kompaniýasy Türkmenistanda sanly tehnologiýalary bilelikde ösdürerler
08.12.2025
Студентов Политехнической средней профессиональной школы Минсвязи наградили за успехи в науке и спорте
06.12.2025
ПРООН в Ашхабаде организовала тренинги по кибербезопасности и AI в цифровом госуправлении
26.11.2025
Туркменистан и Казахстан построят трансграничную волоконно-оптическую линию
25.11.2025
Astana duşuşygy: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
21.11.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11.2025
BMGÖM Türkmenistanda döwlet dolandyryşynyň sanly özgertmelerini ilerletmäge ýardam edýär
13.11.2025
Türkmenistan sanly özgertmeleri ösüşiň strategiki ugry hökmünde kesgitledi
13.11.2025
Aragatnaşyk ministri: Türkmenistan startaplar we EA-işgärleri üçin merkezi döredýär
13.11.2025
Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekdi
13.11.2025
Türkmenistan bilen Estoniýa sanly hyzmatdaşlyk barada Ähtnama baglaşdy
13.11.2025
Türkmenistanda «akylly» Arkadag şäheriniň pawiliony görkezildi
12.11.2025
Türkmenistanda pudagara gatnaşyklaryň sanlylaşdyrylmagy boýunça taslama durmuşa geçirilýär
12.11.2025
Aşgabatda «Türkmentel — 2025» we «ITTC — 2025» forumlary öz işine başlady
12.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmentel — 2025» we «ITTC — 2025» forumlaryna gatnaşyjylary gutlady
09.11.2025
Aşgabatda «Türkmentel — 2025» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler
04.11.2025
Aşgabatda «Türkmentel–2025» forumynda sanlylaşdyrma we işewürlik başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşylar
27.10.2025
Aşgabatda «Türkmentel — 2025» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler
17.10.2025
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
11.10.2025
Ашхабад в фокусе инноваций - компании из 40 стран представляют прорывные решения
09.10.2025
Türkmenistan noýabrda tehnologiýa we ulag pudagynda halkara dialogyň merkezine öwrüler
09.10.2025
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklandy
05.10.2025
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
04.10.2025
Aragatnaşyk, dokma we suw hojalygy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşinde öňdebaryjy boldylar
04.10.2025
Prezidentimiziň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden çykyşyna bagyşlanyp maslahat geçirildi
26.09.2025
Türkmen wekiliýeti sanly özgertmeler boýunça Estoniýanyň tejribesini öwrendi
27.08.2025
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy sanly özgertme boýunça okuw geçirýär