Türkmentelekom Bot

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Açyk gapylar gününi geçirer


03.05.2025

2025-nji ýylyñ 3-nji maýynda sagat 14:00-da Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Açyk gapylar gününe çagyrýar. Açyk gapylar güni uniwersitetiñ durmuşynda aýratyn üýtgeşik döwürdir. Çäre ýokary okuw mekdebinde bilim almak isleýän ýaşlary öz fakultetleri we hünärleri, okuw prosesi we bu ýerde alnan bilimleriñ artykmaçlygy bilen tanyşdyrar. Şol gün dalaşgärleriñ uniwersitetiñ ýolbaşçylary we mugallymlary bilen tanyşmaga mümkinçiligi bolar.

Açyk gapylar gününde myhmanlar üçin ekskursiýa, sergi, ussatlyk sapaklary, öwrediji oýunlar hem-de uniwersitetiñ mümkinçiliklerini açyp görkezjek birnäçe beýleki çäreler guralar. Gelen myhmanlar uniwersitetiñ bilim, ylmy we medeni mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylar, şeýle hem olara daşary ýurt dillerinde ýokary bilim almagyñ artykmaclyklary we ýokary okuw mekdebiñ onlaýn platformalary barada gürrüñ beriler.

Mundan başga-da, myhmanlar okuw otaglaryndan daşarky talyp durmuşy, ýagny sport, akademiki we medeni gurnaklar, ýokary rahatlykly talyplar umumy ýaşaýyş jaýlary barada giñ maglumatlary alarlar hem-de dilleri öwrenmek bölümiñ işi bilen tanyşarlar.

Salgy: Aşgabat ş., 1958 (Andalyp) köç.,169.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-85-42, 39-85-13, 39-85-40, 39-85-33, 39-85-28, 39-85-29.



Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn