Türkmentelekom Bot

TNGIZT täze önümçilik kuwwatlyklaryny ulanyşa girizmäge taýýarlanýar


03.05.2025

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) möhüm desgalaryň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow habar berdi.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalary tarapyndan birnäçe ugurlar boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna barýan ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegine, hususan-da, ýollaryň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýol belgileriniň, yşyklandyryjylaryň täzelenmegine aýratyn üns berilýär. Mundan başga-da, topluma degişli myhmanhanalarda myhmanlaryň medeniýetli dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Munuň bilen birlikde, wise-premýeriň çykyşynyň esasy bölegi Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky desgalaryň gurluşynyň tamamlaýjy tapgyry baradaky hasabaty boldy. Bu toplum sebitiň iri nebti gaýtadan işleýän kärhanalaryň biri bolup, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde möhüm orun tutýar. Täze desgalaryň gurluşynyň tamamlanmagy TNGIZT-iň önümçilik kuwwatlyklaryny ösdürmäge hem-de öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmäge mümkinçilik berer.

 

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn