Türkmentelekom Bot

"Türkmenistan" awiakompaniýasy halkara gatnawlaryñ tertibini täzeledi


03.05.2025

"Türkmenistan" awiakompaniýasy halkara uçuşlaryñ täze tertibi bilen tanyşdyrdy. Täzelenen gatnaw tertibi 1-nji maýdan başlap güýje girip, 2025-nji ýylyñ 25-nji oktýabryna çenli hereket eder.

Türkmen awia ýollarynyñ Dubaý, Abu-Dabi, Jidda, Deli, Pekin, Bangkok, Hoşimin, Kuala-Lumpur, London, Frankfurt, Milan, Moskwa, Kazan hem-de Stambul şäherlerine halkara ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrýandygyny ýatladýarys.

"Türkmenistan" awiakompaniýasy öz ýolagçylaryna ähli ugurlar boýunça rahat uçuşlary üpjün etmäge çalyşýar.

Gatnawlaryñ doly tertibi bilen awiakompaniýanyñ resmi saýtynda tanşyp bolýar.

 

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn