Türkmentelekom Bot

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Ýeňiş güni mynasybetli kabul edişlik guraldy


12.05.2025

9-njy maýda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda dabaraly kabul edişlik geçirildi.

Bu çärä Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary Sergeý Agamýan we Antonina Prýançnikowa, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary Döwran Durdyýew, diplomatik korpusyň, halkara guramalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de işewürlik jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Russiýanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, çäräniň çäginde uruş ýyllaryna degişli suratlaryň sergisi, şeýle hem frontda surat çeken suratkeş Wladimir Pawlotskiniň eserleriniň sergisi guraldy.

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin gutlag sözünde türkmen halkynyň Beýik Ýeňşe goşan uly goşandyny nygtady.

Çäräniň dowamynda Russiýanyň ilçihanasy tarapyndan neşir edilen «Beýik Watançylyk urşunda Türkmenistanyň goşandy» atly ýygyndy hem tanyşdyryldy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn