Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty “Açyk gapylar gününi” geçirdi


14.05.2025

2025-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty geljekki dalaşgärler, harby gullugyny tamamlaýan esgerler hem-de önümçilik ulgamynda işleýän ýaş hünärmenler üçin gapylaryny giňden açdy. “Açyk gapylar güni” atly çäre myhmanlara ýokary okuw mekdebiniň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Duşuşygyň başynda myhmanlara institutyň diwarlarynda geçýän joşgunly talyp durmuşyny görkezýän wideoşekil görkezildi. Soňra mugallymlar we talyplar institutda alnyp barylýan häzirki zaman taslamalar barada giňişleýin gürrüň berdiler, barlaghanalaryñ döwrebap enjamlaşdyrylyşyny görkezdiler we ylmy-önümçilik merkeziniň işi bilen tanyşdyrdylar.

Çäräniň iň täsirli pursatlarynyň biri zehinli “Kuwwat” talyp ýaşlar toparynyň çykyşy boldy. Olaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary mähirli we dostlukly gurşawy döretdi.

“Açyk gapylar gününiň” ahyrynda gatnaşyjylar ýaşlara hemişe goldaw berýändigi we ýokary hilli bilim almak hem-de hünär taýdan kämilleşmek üçin döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlyk bildirdiler. Bu çäre geljekki talyplar üçin öz bilim ýoluny saýlamakda möhüm ädim boldy.

 

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn